icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 noýabr 2017

742

Türkmenistanda Rumyniýanyň Medeniýet günleri geçirilýär

2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň binasynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy.

 Medeniýet günleriniň açylşyna medeniýet ulgamynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň talyp ýaşlary ýygnandylar.

Dabaraly açylyşda Rumyniýanyň medeniýet we milli meňzeşlik ministrliginiň döwlet sekretary Aleksandr Oprýan ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol ýygnananlary şanly waka bilen gutlap, biziň ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen dostlukly gatnaşyklaryň köpugurly hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýändigini belledi.

Dabaranyň ahyrynda Buharestiň Milli opera aýdymçysy Irina Iordakeskunyň we Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestiriniň gatnaşmagynda konsert boldy.

Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanynda Rumyniýanyň taryhynyň Milli muzeýiniň eksponatlaryndan düzülen fotosuratlaryň sergisi açyldy, bu muzeýde iň gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli taryhy gymmatlyklary öz içine alýan muzeý gymmatlyklary saklanýar. Fotosuratlarda Milli hazynanyň zalynyň eksponatlary: patyşalaryň gymmat bahaly zatlary görkezilýär, olar rumyn patyşalaryna degişli bolan XIV asyryň gymmatly şaý-sepleridir.

Günüň ikiknji ýarymynda Rumyniýanyň resmi wekiliýeti Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde kabul edildi. Duşuşykda iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň arasynda medeniýet we sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

30-njy noýabrda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Rumyniýanyň amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyrylar, “Aşgabat” kinokonsert merkezinde rumyn kinematograflarynyň dürli ýyllarda döreden kionfilmleri görkeziler, şeýle hem dostlukly ýurduň Medeniýet günleriniň maksatnamasyna girizilen beýleki çäreler guralar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi