icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 noýabr 2017

961

Aşgabatda Türkmenistan bilen Filippin Respublikasynyň arasynda syýsy geňeşmeler geçirildi

2017-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Filippin Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda Filippin tarapyna DIM-niň Orta Gündogar we Afrika ýurtlary müdirliginiň Baş direktory h-m Hjaýsilin Kuintana ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklary giňeltmeklige ygrarlydyklaryny aýdyp, Türkmenistan bilen Filippinleriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşmeleriň dowamynda h-m Kuintana Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň oňyn ähmiýetini we terrorizme we ekstremizme garşy göreşde iki ýurduň çemeleşmeleriniň meňzeşligini belledi. Şunuň bilen baglylykda, global gün tertibiniň wehimleri bilen göreşmekde tagallalary birleşdirmek boýunça teklipler beýan edildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine garamak bilen taraplar, oba hojalygy we azyk senagaty çygyrlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanmalaryny bellediler. Söwda gatnaşyklarynyň häzirki döwürdäki ýagdaýyny seljermek bilen taraplar, iki ýurduň import we eksport mümkinçilikleri barada pikirleri alyşdylar. Mundan başga-da şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça pikirler alyşyldy.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar medeni-ynsanperwer ulgamynda, hususan  hem bilim sport we syýahatçylyk ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi