icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 noýabr 2017

772

Türkmenistanyň Malaýziýadaky llçihanasy “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi

2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky llçihanasy tarapyndan Malaýziýanyň PETRONAS tehniki uniwersitetinde (UTP) okaýan türkmenistanly talyplar we uniwersitetiň talyplar bölüminiň wekilleri bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyza peşgeş beren “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler, türkmen topragynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen siwilizasiýalaryň arasyndaky özboluşly köpriniň wezipesini ýerine ýetirendigi, Ýüpek ýolunyň şol döwürdäki ata- babalarymyzyň gündelik durmuşyndaky tutýan orny we häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýoly boýunça hyzmatdaşlygy täze keşpde janlandyrmaga degişli maglumatlaryň Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda öz beýanyny tapýandygyny bellediler. Şeýle hem Milli Liderimiziň başda durmagynda Türkmenistanda köpugurly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmek we ýurdumyzy Ýewraziýanyň ulag-logistika ulgamynyň merkezine öwürmek boýunça edilýän tagallalaryň ähmiýetini nygtadylar.

Dabara gatnaşyjylar Döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň türkmen halkynyň baý medeni-taryhy gymmatlyklary, onuň milli däp-dessurlary, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna, ylmyna we medeniýetine eden täsirlerini örän gyzykly hekaýatlaryň, taryhy maglumatlaryň üsti bilen düşündirýändigine uly baha berdiler.

Şeýle-de, tanyşdyrylyş dabaranyň dowamynda gurnalan sergide oňa gatnaşyjylara Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän beýleki kitaplary bilen hem tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Duşuşykda çykyş eden talyplar, Türkmenistanyň Prezidentiniň halkymyza sowgat eden ajaýyp kitaplarynyň olaryň durmuş geljeginde uly gollanma boljakdygyny belläp, bilim ulgamy ýaly möhüm ugurda ýaşlar üçin edýän yzygiderli atalyk aladalaryna hem-de goldawlaryna öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi