icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

05 dekabr 2025

36

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Ýewropa Bileleşiginiň Ýokary wekili Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen tarapyna mähirli gutlaglaryny beýan edip, ählumumy parahatçylyga we ösüşe goşant goşýan ýurduň oňyn bitaraplyga esaslanýan daşary syýasy ugrunyň ähmiýetini belledi.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly dialogyň ösüş derejesine ýokary baha bermek bilen, taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. «ÝB – Türkmenistan» bilelikdäki komitetiň formatyndaky hyzmatdaşlygyň bar bolan mehanizmleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna aýratyn orun berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi