icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

12 dekabr 2025

61

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy bilen duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny, Prezident Serdar Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda kabul etmäge şatdygyny aýdyp, paýtagtymyzda geçiriljek halkara forumyň häzirki döwrüň meseleleriniň çözgütlerini we usullaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen bilelikdäki strategik kararlary kabul etmäge mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem köpugurly gatnaşyklaryň çäginde parlament diplomatiýasynyň ornunyň barha artýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň Koreýa Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysy bolup işlän döwründe Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşandygyny aýdyp, türkmen-koreý gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda edýän ähli işleri üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo şu günki duşuşygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary türkmen we koreý halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi