

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.
Işewür duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi hem-de ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzy şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutlady.
Işewür Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmagynyň hem-de saparyň çäklerinde geçiren ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga gelendigi üçin işewüre minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, täze senagat toplumlaryny döretmek, energetika we himiýa pudaklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasy bilen gaz hem-de himiýa senagatynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda oňyn tejribäniň toplanandygyny belledi, şeýle-de Türkmenistanyň himiýa senagatynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, täze önümleri öndürmek, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny tassyklady.
Işewür bildirilýän ynam we netijeli iş alyp barmaga döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy arkaly Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşant goşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.