

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Gyrgyzystanyň bu forumyň işine ýokary döwlet derejesinde gatnaşmagy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna goýulýan uly hormatyň nyşany hökmünde kabul edilýär.
Dostlukly ýurduň Baştutany bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, halkara forumyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iki şanly senä — Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna beslenýändigini belledi
Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşmagyň dowamynda özara haryt dolanyşygynyň netijeli ösüş häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler we ony mundan beýläk-de artdyrmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.