icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

13 dekabr 2025

100

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkiýede Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna we ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň ýurdumyza saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlar boýunça netijeli ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Preziden Rejep Taýyp Ärdogan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi