icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

21 ýanwar 2026

173

Türkmenistanyň DIM-nde Hindistan Respublikasynyň DIM-niň Sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hindistan Respublikasynyň DIM-niň Günbatar işleri boýunça Sekretary Sibi Jorjyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkme-hindi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny, şeýle hem sebitleýin we halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ýokary syýasy derejede özara duşuşyklaryň we saparlaryň möhümdigi nygtaldy.

Diplomatlar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky dialogy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşygy guramagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

Taraplar Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglylykda bu ugurda hyzmatdaşlyk mehanizmlerini giňeltmek boýunça pikir alyşdylar.

Diplomatlar bilim we medeniýet babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelidigini nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi