

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Aşgabatda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO), Ösüş maksatnamasynyň, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Pudaga «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasynyň ornaşdyrylmagy durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär. Hususan-da, Türkmenistanyň ýer-suw serişdeleriniň mümkinçilikleri pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmekde uly orna eýedir.
Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa, halkara guramalar bilen birlikde «Bitewi saglyk» konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk we iýmit howpsuzlygyny, durnukly azyk önümçiligini üpjün etmek, sebitde, dünýäde ekologik hem-de durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak üçin netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda zerur tagallalar edilýär.
Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda howanyň üýtgemeginiň azyk ulgamlaryna we jemgyýetçilik saglygyna göni hem-de köpugurly täsir edýändigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa sebiti, şeýle-de goňşy döwletler utgaşdyrylan hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri talap edýän umumy meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Foruma gatnaşyjylar ýerleriň şorlaşmagy, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi netijesinde ýüze çykýan töwekgelçilikleri peseltmekde azyk ulgamlaryna çemeleşmeleri özgertmegiň möhümdigine ünsi çekdiler.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda “Bitewi saglyk” maksatnamasyna aýratyn üns berildi. Çykyş edenler “Bitewi saglyk” ýörelgeleriniň milli strategiýalara ornaşdyrylmagynyň daşky täsirlere garşy durmaga ukyply, howpsuz azyk önümçilik ulgamlaryny döretmäge ýardam berýändigini bellediler.
Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen sebit başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki taslamalar gurakçylyga garşy durnukly oba hojalyk ekinlerini ornaşdyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribäni we innowasion usullary alyşmaga goşant goşýar.
Maslahatyň dowamynda oba hojalygyny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygyň we bu işe BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümlerini işjeň çekmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Mowzuklaýyn mejlislerde howanyň üýtgemeginiň iýmitleniş standartlarynyň özgerdilmegini we azyk önümleriniň hiline gözegçiligi güýçlendirmegi talap edýändigine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, howanyň adatdan daşary gyzmagy hem-de topragyň düzüminiň üýtgemegi oba hojalyk ekinleriniň ýokumlylygynyň peselmegine getirýär.
Sebit hyzmatdaşlygy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçiliklere gözegçilik etmegiň serhetüsti mehanizmlerini döretmäge gönükdirilmelidir. Ilatyň sagdyn iýmitlenmek meselelerinde habarlylygyny ýokarlandyrmak meselesine aýratyn üns çekildi.
Raýatlaryň howa bilen azyk önümleriniň hiliniň arasyndaky baglanyşyk baradaky habarlylygy jemgyýetçilik durnuklylygynyň möhüm bölegi bolup, täze, ekologik taýdan jogapkärçilikli sarp ediş medeniýetini kemala getirmäge ýardam berýär. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda bellenilişi ýaly, ekologiýa taslamalaryny maliýeleşdirmegiň gurallary sebitiň ýurtlary üçin has elýeterli bolmalydyr. Foruma gatnaşyjylar oba hojalyk önüm öndürijilerini goldamak üçin serişdeleri çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar.
Sebitiň ýurtlarynyň ylmy-barlag kuwwatyny pugtalandyrmak hem zerurdyr. Bellenilişi ýaly, saglyk we iýmitleniş meseleleri boýunça bilelikdäki tejribe merkezleriniň döredilmegi oba hojalyk toplumyna, saglygy goraýyş ulgamyna innowasiýalary dessin ornaşdyrmaga ýardam berer.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu günki işlenip taýýarlanylan maslahatlaryň hem-de strategiýalaryň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy göreşmek boýunça halkara tagallalara möhüm goşant boljakdygyny nygtadylar.
Halkara maslahatyň çäklerinde taslama resminamalaryna gol çekildi.