

2026-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) Tomas Şteliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň netijeli we özara hormat goýmaga esaslanýan dialogy mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydygy nygtaldy.
Halkara we sebit düzümleriniň, hususan-da BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Diplomatlar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şol sanda şu ýylyň dowamynda bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça pikir alyşdylar.