icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img

18 fewral 2026

107

Türkmenistanyň DIM-inde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hödürlenen Meýilnama boýunça umumy maglumat berildi. Resminama guramaçylyk-usuly, ylmy-amaly, bilim, halkara hem-de maglumat-aragatnaşyk çäreleriniň toplumyny öz içine alýar.

Bellenip geçilişi ýaly, 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde öňe sürüldi.

Çäreleriň meýilnamasy bäş esasy ugry öz içine alýar. Olar guramaçylyk taýýarlygyny, halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmekligi, bilim we maglumat beriş başlangyçlaryny durmuşa geçirmegi, halkara we ikitaraplaýyn çäreleri guramagy, şeýle hem ýaşlar we ylmy başlangyçlary goldamagy öz içine alýar.

Halkara hukugyny ählumumy parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň esasy hökmünde berkitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň durnuklylygy we hyzmatdaşlygy saklamakdaky möhüm syýasy-hukuk guraly hökmünde mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmäge aýratyn üns berilýär.

Maglumat taýdan üpjünçiligiň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet sahypasynda Halkara hukugynyň ýylyna bagyşlanan ýöriteleşdirilen maglumat bölümini döretmek, şeýle hem milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňişleýin düşündiriş işlerini alyp barmak göz öňünde tutulýar.

Maslahatyň jemleri boýunça degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň işjeň utgaşykly hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi