icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 ýanwar 2018

851

Londonda türkmen-britan işewur gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2018-nji ýylyň 21-23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti nobatdaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirmek we Türkmen-Britan söwda senagat geňeşiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin Londonda iş saparynda boldy.

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary  bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler we arkalaşyk işleri boýuça ministrliginiň Ýewropa, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlarynyň işleri boýunça döwlet ministri Alan Dankanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary has-da ýokarlandyrmaga gyzyklanmalarynyň bardygyny beýan edip, taraplar şunuň bilen baglylykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli ulgamlarynyň görnüşi hökmünde Türkmen-Britan söwda senagat geňeşine we ikitaraplaýyn syýasy geňeşmelere wajyp orun berilýändigini belläp geçdiler. Şol bir wagtda, türkmen tarapy gatnaşyklaryň ynsanperwerlik ugrunyň hem ulgamlaýyn häsiýetde alnyp barylmalydygyny belläp, käbir özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça yzygiderli gepleşikleriň ýola goýulmagyna taýýardygyny beýan etdi.

Britan tarapynyň wekili häzirki wagtda Beýik Britaniýa hem uly özgertmeler döwrüni başdan geçirýändigini belläp, bu saparyň ikitaraplaýyn söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda taraplar üçin äýratyn mümkinçilik bolup durýandygyny nygtady.

2018-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda geçirilen Türkmen-Britan söwda senagat geňeşiniň nobatdaky duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow çykyş etdi. Öz çykyşynda ol Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösüşiniň möhüm ugurlary, ýakyn we orta möhlete niýetlenilen ösüş maksatnamalary we ýurduň maýa goýumlary özüne çekijiliginiň artmagy barada maglumatlary beýan etdi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň eksport düzümini artdyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak syýasaty Türkmenistan tapgyrlaýyn bazar ykdysadyýetine geçişine ýardam berýär diýlip bellenildi.

Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministriniň hemişelik orunbasary, Beýik Britaniýanyň Daşary işler we arkalaşyk işleri boýunça ministrliginiň Diplomatik gullugynyň başlygy Saýman Makdonald öz gezeginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga ýardam etjek ugurlar hökmünde ýangyç-energetika we senagat pudagyny,  inženerçilik pudagyny, maliýe bank institutlary, hyzmatlar we bilim hem-de tejribe alyş-çalşygy ýaly ugurlary belledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew öz çykyşynda daşary ýurtly maýa goýujylaryny çekmekde Türkmenistanyň sebitleýin we halkara ýangyç-energetiki, ulag we aragatnaşyk, sebitleýin integrasion başlangyçlarynyň möhüm orny eýeleýändigini belledi. Bu başlangyçlar diňe bir ýurduň däl-de, eýsem Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşini üpjün etmekde we onuň maýa goýum taýdan özüne çekijiliginiň artmagynda ägirt uly ornunyň bardygyny aýtdy.

Şeýle hem Söwda senagat geňeşiniň duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet we hususy pudak edaralarynyň wekilleri hem-de Beýik Britaniýanyň kompaniýalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Bulardan başga-da birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň gatnaşmagynda Beýik Britaniýanyň Patyşanyň goranmak meseleleri boýunça Birleşen Institutynda (RUSI) duşuşyk boldy, duşuşygyň barşynda bu institutyň wekillerine energiýa howpsuzlygy we ulag ulgamlarynda Türkmenistanyň esasy daşary syýasy başlangyçlary barada maglumat berildi. 

Günüň ikinji ýarymynda Beýik Britaniýanyň Daşary işler we arkalaşyk işleri boýunça ministrliginde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň hemişelik bitarap döwlet hökmünde durmuşa geçirýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we durnukly ösüşe niýetlenilen taslamalary Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň esasy sütünleriniň biri bolup durýandygy bellenilip, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisi we “Lapis Lazuli” ulag üstaşyr geçelgeleri ýaly iri taslamalaryň durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde we geljekde sebitiň dünýäniň beýleki bölekleri bilen integrirlenmeginde uly goşant goşjakdygy bellenilip geçildi.

Soňra Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew Beýik Britaniýanyň söwda syýasaty boýunça döwlet ministri Greg Hands bilen duşuşdylar. Duşuşygyň barşynda söwda we maýa goýum ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekligiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Agşam Türkmen wekiliýetiniň hormatyna Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi kabul edişlikler jaýynda resmi agşamlyk kabul edişligi we Parlamentiň Lordlar palatasynda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça ýörite söwda wekili Baronessa Emma Nikolson tarapyndan resmi agşamlyk nahary berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi