icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 mart 2018

720

Aşgabatda türkmen-türk syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi

2018-nji 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türk tarapynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçi Ümit Ýardym ýobaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy gatnaşyklaryň ulgamlarynda ýola goýulan gepleşiklerini geljekde ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny bildirip, döwletara hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine garadylar. Gatnaşyklaryň ösüşiniň gidişi bilen hoşallyklaryny beýan edip, taraplar ýokary derejedäki saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslhatlaşdylar. Halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerine garamak bilen, taraplar halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde gyzyklanmalaryny beýan etdiler, oalryň hatarynda BMG, UNESCO, YHG bellenildi. Taraplar terrorçylyk we ekstremizm ýaly halkara howplaryna garşy göreşde parahatçylykly başlangyçlary utgaşdyrmak boýunça teklipleri beýan etdiler.

Gatnaşyklaryň söwda-ykdysady düzüjisi barada, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmagyň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň göwrümini giňeltmegiň zerurlygy bellenildi. Yzygiderli gatnaşyklary geljekde goldamagyň zerurlygyny bellemek bilen, taraplar dürli derejelerdäki duşuşyklary gurnamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ulag, energetika we aragatnaşyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garaldy.

Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanda 2018-nji ýylyň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, taraplar bu tema boýunça bilelikdäki çareleri geçirmegi ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi