icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 mart 2018

587

Bakuda «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly tegelek stoluň başyndaky duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Bakudaky Ilçihanasy Azerbaýjanyň Nebit we senagat döwlet uniwersiteti bilen bilelikde «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirdi.

Tegelek stoluň başyndaky duşuşyga akademikler, ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, şeýle hem bu uniwersitetde okaýan türkmen we Hytaýdan, Hindistandan we Bangladeşden talyplar gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Türkmenistanda 2018-nji ýylyň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi barada aýdyldy.

Soňra türkmen tarapy 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň ulanmaga berilmegi babatda maglumatlary berdiler. Köpugurly ýükleri daşama ulgamyny döretmek arkaly dünýä bazarlaryna energoserişdelerini eltmegiň ugurlaryny köpeltmek bitarap Türkmenistanyň energetika syýasatynyň wajyp  aspekty bolup durýandygy bellenildi.

Şeýle hem tehniki ylymlaryň doktory, professor, «Nebit känleriniň işlenilmegi we ulanylmagy» kafedrasynyň müdiri, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň agza-korrespondenti Tulparhan Salawatowyň we fakultetiň dekany Ýaşar Gasanowyň çykyşlary diňlenildi.

Tegelek stoluň başyndaky duşuşygynyň işine «AZERTAJ», «Trend», «APA», «Лидер ТВ», «Ичтимайи ТВ» habarlar agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi