«Lazurit» halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşygy ýerine ýetirmek boýunça hünärmenleriň duşuşygy

2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda  Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) dowamynda gol çekilen «Lazurit» halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi boýunça hünärmenleriň birinji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, ýagny bu Ylalaşyga gol çeken agza-ýurtlarynyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Ylalaşyga agza-ýurtlarynyň territoriýalaryndaky esasy hereket edýän ulag ugurlary baradaky maglumaty seljerip, taraplar Ylalaşygyň çarçuwasynda tarifleri kabul ederlik derejä getirmek meselelerine garadylar.  

Mejlisiň dowamynda bilermenler gümrük meselelerine degişli bolan Ylalaşygyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň mümkin bolan gurallaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-hem agza ýurtlaryň salgyt kanunçylygy bilen tanyşdyryş amala aşyryldy we bu Ylalaşykdan gelip çykýan borçlary ýerine ýetirmek boýunça mümkin bolan çäreleri kabul etmegiň meseleleri gozgaldy.