icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 aprel 2018

878

Duşenbede Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň 23-nji geňeşi geçirildi

2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşine gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda YHG-na gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleri YHG-nyň taslamalarynyň we meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň ýagdaýyny, YHG-nyň Sekretariatynyň halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny, Guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we şahamça edaralarynyň alyp barýan işini ara alyp maslahatlaşdylar,  

Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar “YHG-nyň Geljegi 2025” atly resminamasynda kesgitlenen maksatlaryň we wezipeleriň ýerine ýetirilişinde öňe gidişlik we baha bermek, Owganystana ýardam bermek boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň täze meýilnamasyny kabul etmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar, şeýle-hem Guramanyň administratiw we maliýe meselelerine seredildi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda YHG-nyň ähmiýetli ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan global ykdysady ösüşiň maksatlarynyň kesgitleýjisi hökmünde çykyş edýän ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy görýändigini belläp geçdi. “Bar bolan anyk üstünlikleri ulanyp bu ýagdaýa wagtynda we işjeň girişmek, täze ulag üstaşyr geçelgeleri, energiýa ýollaryny döretmekde özüne doly hukukly we netijeli gatnaşyjynyň ornuny üpjün etmek-biziň pikirimizçe, görünýän geljek üçin biziň umumy wajyp maksatlarymyz şunuň ýaly bolmaly” diýip, ministr belläp geçdi. 

YHG-nyň giňişliginide ykdysady hyzmatdaşlyk medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegi bilen birlikde alnyp barylmaly. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen wekiliýeti medeni çäreleri geçirmekde, şol sanda çagalaryň we ýetginjekleriň toparlarynyň gatnaşmagynda, sungat festiwallaryny, YHG-nyň döwletleriniň döredijilik intelligensiýasynyň duşuşyklaryny geçirmek üçin ulgamlaýyn meýilnamalaryň döredilmegini başlamagyň maksadalaýykdygyny belläp geçdi. 

2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy, onuň çäklerinde taraplar Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda Strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň ratifikasiýa edilendigi baradaky hatlaryny alyşmak boýunça Teswirnama gol çekdiler.  

Şol günüň özünde Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysynyň Owganystanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary boldy, olaryň çäklerinde Türkmenistan bilen agzalan ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-hem, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi