icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 aprel 2018

856

Türkmenistanyň Germaniýadaky Konsullygy tarapyndan (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) sport çäreleri geçirildi

2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Konsullygy (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň bir aýlygyna bagyşlap sport çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda kiçi futbol, stolda oýnalýan tennis we şaşka boýunça ýaryşlar gurnaldy.

Oňa diplomatik korpusyň, halkara banklaryň, kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem Germaniýa Federatiw Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Bu bäsleşikleriň açylyş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň konsuly ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlary barada gatnaşyjylara gürrüň berdi. Hususanda, halklary birleşdirýän Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň tutuş adamzadyň nurana geljegi üçin hyzmat etjekdigi barada beýan edildi.

Ýaryşlara gatnaşyjylar dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy, şeýle-de sporty ösdürmek üçin tagallalary edýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Bäsleşikler dostlukly we ruhubelent ýagdaýda geçirildi we bäsleşikleriň ýeňijilerine Beýik Ýüpek ýolunyň kubogy we hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşikler tamamlandan soňra ähli gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi