icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 iýun 2018

1155

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy

2018-nji ýylyň 13-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine (ECOSOC) 2019-2021-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy.

BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi (ECOSOC) - Birleşen Milletler Guramasynyň esasy düzümleriniň biri bolup, ykdysady, durmuş ulgamlarynda, saglygy goraýyş we bilim pudaklarynda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen guramalarynyň we düzümleriniň işini utgaşdyrýar.

ECOSOC Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasy bilen 1946-njy ýylda döredildi we 11 sany gaznanyň we BMG-niň maksatnamalarynyň hasabatlaryna esaslanmak bilen BMG-niň ulgamy we agza-ýurtlary üçin halkara ykdysady we durmuş meselelerine garamak hem-de syýasata degişlilikde görkezmeleri taýýarlamak boýunça merkezi forum bolup durýar.

ECOSOC 54 döwletden düzülip, olar Baş Assambleýa tarapyndan üç ýyl möhlete saýlanylýar. Her ýyl ygtyýarlyklary dolan döwletleri 1-nji ýanwardan başlap çalyşmak maksady bilen sebitleýin toparlaryndan 18 ýurt saýlanylýar.

Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň iş ygtyýarlyklaryna şular girýarler: ykdysady we durmuş öňegidişlige ýardam bermek, şol sanda halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak we dolulygyna iş bilen meşgullygyny üpjün etmek; ykdysady we durmuş hem-de saglygy goraýyş çygyrlarynda halkara meselelerini çözmegiň usullaryny taýýarlamak; medeniýet we bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyna ýardam bermek; adam hukuklaryna we esasy azatlyklaryna hormat goýulmagy üçin şertleri döretmek.

Türkmenistanyň BMG-niň bu wajyp düzümine saýlanylmagy durnukly ösüşiniň global meselelerini çözmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi