23 oktýabr 2025
2627
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow özüniň ynanç hatlaryň nusgalaryny Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abdul Majid bin Raşid Al Samarä gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-saud gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek boýunça meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Saud diplomaty täze bellenen türkmen Ilçisini wezipesine girişmegi bilen gutlap, döwletara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi ugrunda bilelikde işleşmäge taýýardygyny nygtady.
Başga habarlar
13
May
Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy
12
May
Türkmenistan Londondaky täze B2B Exchange platformasynyň üsti bilen Britaniýanyň bazarlaryna çykýar
12
May
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi
11
May
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy
07
May
Tokioda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
Ähli habarlary görmek