icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

27 oktýabr 2025

1621

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisiniň Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş direktory bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Annamämmet Annaýew bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş direktory Dan Ýankunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Taraplar özara hormat we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň durnukly ösýändigini belläp geçdiler.

Diplomatlar syýasy dialogy ösdürmegiň we Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek geňeşmeleriň ähmiýeti barada aýratyn nygtadylar.

Taraplar ykdysady hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda pikir alyşdylar we bu ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň, hususan-da Hazar we Gara deňizlerini birleşdirýän taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Şeýle hem taraplar Rumyniýada ýaşaýan we okaýan Türkmenistanyň raýatlaryna degişli konsullyk meselelerine aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi