icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

06 noýabr 2025

663

Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplaryny Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Milli kitaphanasyna sowgat bermek dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplarynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumyndaky Prezidentiň Milli kitaphanasyna sowgat berilmegine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Çäre Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde gurnaldy.

Dabara Türkiýäniň döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal alymlar we edebiýatçylar, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sowgat berlen Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ylmy işlerinde ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň, Türkmenistanyň medeni mirasynyň esasyny düzýän çuňňur pelsepewi we ynsanperwerlik pikirler beýan edilýär. Bu kitaplar Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge we hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm goşant bolup hyzmat edýär.

Dabarada çykyş edenler bu çäräniň iki ýurduň we doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesini alamatlandyrýandygyny hem-de halklaryň umumy taryhy we medeni köklerini birleşdirýändigini aýratyn nygtadylar.

Mundan başga-da, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Milli kitaphanasyna türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny, taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, däplerini hem-de häzirki döwürde gazanan üstünliklerini giňden şöhlelendirilýän dürli kitaplar we ylmy neşirler sowgat berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi