icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

15 noýabr 2025

619

Türkmenistanyň wekiliýeti Hindistanda geçirilen 30-njy Hyzmatdaşlyk Sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2025-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda geçirilеn Hindistanyň Andhra-Pradeş ştatynyň Wişakhapatnam şäherinde Söwda, maýa goýum, senagat, tehnologiýa we geoykdysadyýet ugurlar boýunça 30-njy Hyzmatdaşlyk Sammitine gatnaşdy.

Sammitde innowasiýa, maglumat tehnologiýalary we arassa energetika ugurlary boýunça söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de bu ugurlarda maýa goýumlary çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Hindistanyň Söwda we senagat ministri Piýuş Goýal, Andhra-Pradeş ştatynyň baş ministri Nara Çandrababu Naidu we ýerli işewürler bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi