icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

19 noýabr 2025

693

Bişkekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy J.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde maslahat geçirdi.

Maslahata uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Ş.Raşidow adyndaky Samarkant döwlet uniwersitetiniň, Samarkant şäherindäki “Ýüpek Ýoly” Halkara syýahatçylyk we medeni miras uniwersitetiniň, Gazagystan Respublikasynyň Al-Farabi Milli uniwersitetiniň we Gyrgyz Respublikasynyň K.Ş.Toktomamatow adyndaky Halkara uniwersitetiniň wekilleri hem wideoaragatnaşyk arkaly maslahata birikdiler.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti, şeýle hem bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen ösdürýän deňhukukly gatnaşyklarynyň ähmiýeti nygtaldy. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýurduň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň möhüm üstünlikleriniň biridigi we onuň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny alamatlandyrýandygy bellenildi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ulgamlarda Türkmenistanyň gazanan möhüm üstünliklerini belläp geçdiler. Şeýle-de maslahatyň dowamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we parahatçylyk hem-de özara ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmekde ýurduň işjeň ornuna aýratyn üns berildi.

Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň gymmatlyklarynyň arasyndaky baglanyşyk barada aýratyn nygtaldy. Maslahata gatnaşyjylar şahyryň şygryýetiniň dostluga, doganlyga we ynsanperwerlige çagyrýandygyny bellediler.

Çäräniň dowamynda Türkmenistan barada wideoýazgy görkezildi we ýurduň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän sergi guraldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi