icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

07 noýabr 2023

1461

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlaryň mejlisine gatnaşdy

2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda guramanyň agza-döwletleriniň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň 10-njy sebitara mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary Ç.Rustamowa gatnaşdy.

ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji sessiýasynyň çäginde geçirilen mejlise guramanyň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň Jogapkär sekretarlary gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda gün tertibindäki möhüm meseleleri, şol sanda hasabatlara syn bermegi, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn başlangyçlary seljermegi, sebit gurluşlary bilen ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň arasynda özara gatnaşyk tejribesini kämilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşmak meselesine aýratyn üns berildi.

Bu sebitara mejlis ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň 2022-2029 ýyllar üçin orta möhletli strategiýasynyň we 2026-2029-njy ýyllar üçin býujetiniň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga, guramanyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde we strategiki özgertmelerde Milli toparlaryň orny barada pikir alyşmak üçin platforma bilen üpjün etmäge berk ygrarlylygyny görkezdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi