icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 noýabr 2018

1203

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owgan wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň “Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P.CO” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn duşuşuk geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjit gurular.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan tarapyndan Owganystana iberilýän yzygiderli ynsanperwer kömegi barada aýratyn nygtap geçdiler. Şeýle hem Akina şäherçesinde guruljak metjidiň gurluşyk işleri barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Mazari-Şarif şäheri) konsullygy bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň “Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P.CO” kompaniýasynyň arasynda metjidi gurmak barada şertnama gol çekildi.

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we bu metjidi 2020-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi