03 aprel 2017
4214
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe Sankt-Peterburg şäheriniň metrosynyň “Sennaýa ploşad” we “Tehnologiýa instituty” stansiýalarynyň aralygynda bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.
Başga habarlar
21
Apr
Türkmenistanyň wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşýar
20
Apr
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
20
Apr
Türkmenistanyň DIM-de BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
18
Apr
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
18
Apr
Türkmenistan we Türkiýe hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlylygyny tassykladylar
Ähli habarlary görmek