icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

10 dekabr 2025

177

Türkmenistanyň DIM-de "Parahatçylyk we sport" halkara guramasynyň Prezidenti we esaslandyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen "Parahatçylyk we sport" halkara guramasynyň Prezidenti we esaslandyryjysy, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň geňeşçisi jenap Žoel Buzunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Jenap Buzu Halkara bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklara esaslanýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giň ugurly gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen "Parahatçylyk we sport" guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini hem bellenildi.

Sport arkaly parahatçylyk, ynanyşmak gymmatlyklaryny öňe sürmek we halkara gatnaşyklaryny berkitmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berildi.

Söhbetdeşler adybir gurama tarapyndan teklip edilen "Parahatçylyk we sport" atly yklymlaýyn forumy 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi