

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý bilen duşuşygy boldy.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şeýle hem ol ýapon-türkmen hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň uly goşandyny belledi.
Hiroýuki Subaý Türkmenistanyň bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini aýratyn nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz Hiroýuki Subaýa Türkmenistan bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrundaky täze başlangyçlarynda rowaçlyklary arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iki dostlukly ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandyny belledi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň önümçilik taýdan netijeli bolmagyna, ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna hem-de daşary ýurt maýasynyň çekilmegine aýratyn üns berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň «ITOCHU» kompaniýasynyň Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Keletedäki sement zawodynyň we Mary welaýatyndaky karbamid zawodynyň gurluşygyna gatnaşandygyny belledi.
Hiroýuki Subaý Türkmenistanda ýapon kompaniýalaryna netijeli işlemäge döredilýän hemmetaraplaýyn amatly şertler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.