icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 sentýabr 2017

847

Türkmenistanyň DIM-de Singapur Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Singapur Respublikasynyň Daşary işler we zähmet resurslary boýunça döwlet ministri Sam Tanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasynda bar bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek üçin ýokary derejedäki saparlaryň guralmagynyň wajypdygyny belläp, Singapur tarapy bu ugurda işleriň ilerlemegini şertleşdiler.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilip, döwletara hyzmatdaşlygyň dürli derejedäki meselelerine garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda, Türkmenistanyň we Singapur Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna hoşallygyny bildirdiler we ony köp ugurlar boýunça has hem ösdürmek mümkinçiliklerini ulanmagyň zerurdygyny bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi