icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 noýabr 2023

1218

Türkmenistanyň ilçisiniň Gruziýanyň DIM-niň baştutany bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň daşary işler ministri I.Darçiaşwili bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň we geljegi uly bolan giň gerimli ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda döwletara hyzmatdaşlyk birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we aç-açanlyk ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli we uzak möhletleýin esasda gurulýar hem-de üstünlikli ösdürilýär.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty hemmetaraplaýyn ösüşiň, halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň we giňeltmegiň täze geljegini we mümkinçiliklerini açmak bilen, häzirki döwür üçin wajyp we ýerlikli bolup durýandygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýokary derejedäki saparlary guramak, şeýle-de ýakyn wagtda Aşgabatda Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeleri geçirmek meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi