icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

16 mart 2026

279

Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň çagalaryna ynsanperwer kömegini iberdi

Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna we çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik ýüki ugradyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugyna laýyklykda, goňşy eýran halkyna, ilkinji nobatda, bu ýurduň çagalaryna derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, beýleki önümler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň nyşany hökmünde iberildi. Bu çäre Türkmenistanyň Halk Maslahatnyň Başlygynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýar.

Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ynsanperwerlik ýüküni ugratmak çäresine gatnaşyjylar ýakyn goňşulara kyn pursatlarda hemaýat bermegiň, doganlyk goluny uzatmagyň türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ynsanperwer ýörelgesidigini nygtadylar.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda ynsanperwer ýörelgeler barha rowaçlanýar.

Şeýle hem ýaşulular goňşy ýurda iberilýän üsti ýükli kerweniň ýolunyň ak bolmagyny, ýüküň sag-aman baryp gowuşmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.

* * *

Goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenen ynsanperwerlik kömegi ugradylandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň agzalary ýurdumyzyň din wekilleri bilen bilelikde Arkadag şäheriniň çäginde bina edilýän 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy we onuň içki bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler bilen tanyşdylar.

Şu gün ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwerlik ýüküniň ugradylmagy we köp sanly ýaşulularyň, eneleriň, ýaşlaryň gatnaşmagynda agzaçar sadakasynyň berilmegi keramatly Gadyr gijesiniň öňüsyrasyndaky sogap işleriň üstüni ýetirdi.

Arkadag şäherindäki metjidiň gurluşygynyň dowam edýän ýerinde Türkmenistanyň müftüsi Oraza aýynda berilýän sadakalaryň, edilýän doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edip, aýat okady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi