icon
Türkmençe
Русский
English
Year 2024 - «Fount of Wisdom
Magtymguly Fragi
»
img

28 September 2021

1067

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi

2021-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan at çapyşyklar guraldy.

Baýramçylyk dabaralaryna Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň, KHBS-niň wekilleri, şeýle-de köpsanly myhmanlar we at çapyşygyň janköýerleri gatnaşdylar.

Dürli aralykda dürli ýaşar atlaryň arasynda geçirilen at çapyşyklaryň jemi ýedisi bolup, şolaryň her birinde bedewler özüniň iň gowy sport häsiýetlerini görkezdiler.

Soňra at çapyşyklaryň ýeňijilerine sylaglary gowşumak dabarasy geçirildi. Olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Çäräniň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary gurnaldy. Şeýle-de suratkeşdir nakgaşlaryň, zergärleriň we heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewleriniň gözellik aýratynlyklaryny çeper beýan edýän döredijilik işleriniň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisi gurnaldy.

Phone: +993 (12) 44-56-92
Fax: +993 (12) 44-58-12
Reception: +993 (12) 44-56-87
Press service: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Ashgabat, Archabil av., 108
Ashgabat, Turkmenistan
© 2024 Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan