icon
Türkmençe
Русский
English
Year 2024 - «Fount of Wisdom
Magtymguly Fragi
»

19 August 2021

2358

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama (2021-nji ýylyň 6-njy awgusty, Türkmenbaşy şäheri)

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy boldy, duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti gatnaşdylar.

Döwletleriň Baştutanlary dostluk we özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak, konstruktiwizm we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeleri boýunça,

taryhy taýdan emele gelen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary esasynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň depginli ýagdaýyny belläp,

Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine esaslanyp hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmäge özleriniň berk eýerýändigini tassyklap,

Merkezi Aziýa sebitini özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak esasynda gepleşikler we geňeşmeler arkaly ösdürmegiň möhüm meselelerine seretmegiň hem-de olary çözmegiň zerurdygyny belläp,

öz döwletleriniň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbitlerine açyk we giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtap,

özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda, şol sanda syýasy, durnukly ösüş, söwda-ykdysady we maýa goýum-maliýe, ulag-kommunikasiýa, suw-energetika, maglumat-tehnologiýa, ekologiýa we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de berkitmäge umumy çalşylýandygyndan ugur alyp,

Merkezi Aziýa döwletleriniň möhüm ählumumy hem-de sebit meselelerini çözmekde bilelikdäki başlangyçlarynyň dünýäde oňat netijeleri berýändigini belläp,

sebitiň döwletleriniň ählumumy howplara hem-de wehimlere, şol sanda koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy ysnyşykly hyzmatdaşlygynyň, şeýle hem onuň ýaramaz netijelerini bilelikde ýeňip geçmegiň möhümdigini nygtap,

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli konsultatiw duşuşygynyň sebitde köptaraply döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berýän möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we şol meseleler boýunça teklipleri girizmäge mümkinçilik berýändigini ýene-de tassyklap,

şu aşakdakylary beýan edýärler:

1. Döwletleriň Baştutanlary şu konsultatiw duşuşygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy ýylynda geçýändigini belleýärler.

Şunuň bilen baglylykda, Taraplar şu forumyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek we ösdürmek işinde taryhy ähmiýetiniň bardygyny nygtaýarlar.

2. Taraplar Merkezi Aziýa sebitiniň ähli döwletleriniň parahatçylykly ösüşine, gülläp ösmegine we durnuklylygyna ýardam bermek maksady bilen, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn çäreleri geçirmek, özara saparlary amala aşyrmak arkaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmegiň möhümdigini we zerurdygyny tassyklaýarlar.

3. Taraplar Türkmenbaşy şäherindäki konsultatiw duşuşygyň howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde, söwda, ykdysady we maýa goýumlary, ulag hem-de üstaşyr gatnawlar, oba hojalygy hem-de azyk howpsuzlygy ulgamlarynda, senagat kooperasiýasy, suw-energetika serişdeleri, daşky gurşawy goramak, syýahatçylyk, ylym, bilim, medeniýet we gender deňligi meselelerinde özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlaryna, görnüşlerine we usullaryna hemmetaraplaýyn seretmäge mümkinçilik berendigini belleýärler.

4. Döwletleriň Baştutanlary howpsuz, durnukly, giň we açyk hyzmatdaşlyk etmek üçin sebitde giňişligi emele getirmegiň bähbitlerine öz ýurtlarynyň mümkinçiliklerini ulanmagyň möhümdigini belleýärler.

Şunuň bilen baglylykda, Taraplar Daşary işler ministrlikleriniň, diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň ugry boýunça geňeşmeleri geçirmegiň hem-de gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini belleýärler.

5. Taraplar BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu — 2021-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň adyndan halkara bileleşiginiň kabul eden giň möçberli we uzak möhletli strategiýalaryny, konsepsiýalaryny hem-de maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde anyk netijeleri gazanmak maksady bilen, halkara giňişliginde Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki işini güýçlendirmek zerur diýip hasap edýärler.

6. Döwletleriň Baştutanlary Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamanyň gol çekilen gününiň 15 ýyllygynyň, şeýle hem Semipalatinsk ýadro synag poligonynyň ýapylmagynyň 30 ýyllygynyň 2021-nji ýylda bellenýändigini nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamany durmuşa geçirmek boýunça sebitiň döwletleriniň işjeň hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler we ýadro ýaragsyzlanmagy we ýaýradylmazlygy işinde tagallalary birleşdirmek maksady bilen, beýleki ýadrosyz zolaklar bilen işjeň hyzmatdaşlygyň zerurdygyny bellediler.

7. Taraplar goňşy Owganystandaky ýagdaýyň çalt düzgünleşdirilmeginiň Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnuklylygy saklamagyň hem-de berkitmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygyny tassyklaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Taraplar owgan jemgyýetinde raýat parahatçylygyny we ylalaşygyny çalt gazanmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Taraplar ähli gyzyklanýan döwletleriň we halkara guramalaryň Owganystanda howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmäge, ýurduň durmuş-ykdysady ulgamlaryny dikeltmäge we ony dünýä hojalyk gatnaşyklaryna çekmäge gönükdirilen tagallalaryny goldaýarlar.

8. Taraplar sebiti ulgamlaýyn we yzygiderli esasda ösdürmegiň möhüm meselelerine seretmek üçin hemişelik hereket edýän konsultatiw platforma hökmünde Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialogy döretmek hakyndaky meseläniň üstünde işlemek barada aýtdylar.

9. Taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat, maliýe, energetika, oba hojalygy, kommunikasiýa, durmuş, ekologiýa ugurlarynda we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek arkaly Merkezi Aziýa sebitini durnukly ösdürmegi üpjün etmegi ilkinji nobatdaky wezipe hasaplaýarlar.

Sebitde maliýe ulgamyny bilelikde ösdürmek we maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, Taraplar Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlaryny, şeýle hem daşary ýurt maýadarlaryny baglanyşdyrýan ykdysady platforma hökmünde Halkara «Astana» maliýe merkezini ulanmagy ylalaşdylar.

10. Taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda migrasiýa işlerini düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly edaralaryň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň möhümdigini, şeýle hem zähmet çekýän migrantlaryň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmegiň, olara hukuk, durmuş, maglumat-geňeşdarlyk kömegini bermegiň zerurdygyny ykrar edýärler.

11. Taraplar özara haryt dolanyşygyny giňeltmegiň möhümdigini we sebitde söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça wezipeleri netijeli çözmek üçin özara bähbitli umumy çemeleşmeleri mundan beýläk-de işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belleýärler.

Taraplar özara söwdany artdyrmak, bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda serhetýaka çäklerde söwda-önümçilik merkezlerini, şeýle hem lomaý-paýlaýyş merkezleriniň ulgamyny ösdürmek maksady bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň işewür toparlarynyň hem-de sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belleýärler.

12. Taraplar harytlaryň we ýükleriň erkin hem-de päsgelçiliksiz üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek, şol sanda howa, awtomobil, demir ýol, derýa we deňiz ulaglary üçin täze halkara ugurlaryny, multimodal ulag geçelgelerini, halkara köpugurly logistika, söwda we syýahatçylyk merkezlerini döretmek we hereket edýänleriniň durkuny täzelemek, innowasion, energiýa tygşytlaýjy we elektron tehnologiýalary ornaşdyrmak, iň gowy halkara tejribesine laýyklykda, serhetüsti amallary ýönekeýleşdirmek hem-de sebitiň üstaşyr geçirmek mümkinçiligini netijeli ulanmagy üpjün edýän beýleki bilelikdäki üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmak maksady bilen, ulag-üstaşyr ulgamda köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň möhümdigini belleýärler.

Taraplar «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» halkara geçelgelerini bilelikde ösdürmek boýunça doly tagallalary ederler.

Taraplar ulag kommunikasiýalary boýunça sebit maslahatyny döretmegi çaltlandyrmagyň, sebitiň döwletleriniň gatnaşmagynda amatly halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan we geljegi uly bolan taslamalary nazara alyp, Merkezi Aziýada ulag ulgamyny bilelikde ösdürmek baradaky Maksatnamalary we Ylalaşyklary ylalaşmagyň zerurdygyny bellediler.

Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Ulag-kommunikasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň sebit merkezini döretmek hakynda özbek tarapynyň başlangyjyny goldadylar.

Taraplar goşulan bahanyň sebit ulgamyny we bilelikdäki senagat klasterlerini döretmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak arkaly özara söwdanyň möçberini artdyrmagy maksat edinýärler.

13. Taraplar söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika hem-de innowasion ugurlarda özara hyzmatdaşlyga belli bir maksada gönükdirilen we yzygiderli häsiýet bermek maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Senagatçylarynyň we telekeçileriniň bäştaraplaýyn geňeşini döretmegiň zerurdygyny aýtdylar.

14. Taraplar innowasion maksatnamalary we taslamalary bilelikde durmuşa geçirmek üçin tagallalary birleşdirmegi, şeýle hem ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar, ylmy barlaglary bilelikde geçirmek, durmuş hem-de ykdysady ösüşiň täze çeşmelerini gözlemek maksady bilen, ylmy-barlag merkezleriniň arasynda tejribe alyşmak babatda netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ýardam bermegi maksat edinýändiklerini beýan edýärler.

15. Taraplar bilim, ylym diplomatiýasy babatda, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda we ylmy alyşmalar boýunça sebit Maksatnamasyny işläp taýýarlamak arkaly rektorlaryň forumlarynyň, ylmy-mugallymçylyk we talyplar jemgyýetçiliginiň ylmy maslahatlarynyň hem-de simpoziumlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada çykyş edýärler.

Taraplar maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmekde we peýdalanmakda öňegidişligi, şeýle hem onuň gündelik durmuşa artýan täsirini belleýärler. Döwletler halkara hukugyň ýörelgelerini we kadalaryny berjaý etmek bilen, maglumat howpsuzlygynyň täze wehimlerine garşy göreşmek maksady bilen, tagallalary birleşdirmegi maksat edinýärler.

16. Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini azaltmak we oňa uýgunlaşmak, çölleşmäge garşy göreşmek, suw-energetika serişdelerini rejeli ulanmak, daşky gurşawy goramak we ekologiýa, buzluklary gorap saklamak we uranyň galyndylarynyň saklanýan ýerleriniň rekultiwasiýasy, serişde tygşytlaýjy we ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmaga, şol sanda energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmäge gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary öňe sürmek babatda sebit hyzmatdaşlygyny berkitmegiň zerurdygyny belleýärler.

Taraplar bu ugurlarda sebitde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek maksady bilen, uzak möhletli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň usullaryny kämilleşdirmek üçin bilelikdäki tagallalary etmäge taýýar.

Taraplar sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara alyp, Merkezi Aziýada suw-energetika meselelerini çözmäge ýardam etmek üçin bar bolan we gurulýan suw-energetika desgalarynyň möhümdigini bellediler.

Taraplar BMG-niň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň «Tebigat serhetleri bilmeýär: serhetüsti hyzmatdaşlyk — biodürlüligi gorap saklamakda, dikeltmekde we durnukly ulanmakda esasy şert», «Birleşen Milletler Guramasynyň «Suw durnukly ösüş üçin» atly hereketleriň halkara onýyllygynyň maksatlaryna ýetmegiň barşynyň 2018 — 2028-nji ýyllar üçin ortaça möhlet boýunça ählumumy synynyň Konferensiýasy», «Aralýaka sebitini ekologiýa innowasiýalary we tehnologiýalary zolagy diýip yglan etmek», «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk», «Gazagystanda Semipalatinsk sebitiniň ilatynyň saglygyny dikeltmek, daşky gurşawyny dikeltmek we ykdysady taýdan ösüşi üçin halkara hyzmatdaşlygy we işleri utgaşdyrmak» atly Rezolýusiýalarynyň kabul edilmegi ýaly halkara we sebit başlangyçlaryna bir bitewi düşünmegi we öňe sürmegi gazanmagyň möhümdigini nygtaýarlar.

Dünýäde we hususan-da, Merkezi Aziýada howanyň ählumumy üýtgemeginiň buzluklara edýän ýaramaz täsirini nazara alyp, döwletleriň Baştutanlary Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň «Buzluklary goramagyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi we Buzluklary goramagyň Halkara gaznasyny döretmek baradaky başlangyjyny goldadylar.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrmaga niýetlenen Strategiýasyny işläp taýýarlamak, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda energetikada ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara «Ýol kartasyny» döretmek baradaky başlangyjyny goldaýandyklaryny beýan etdiler.

17. Döwletleriň Baştutanlary sebitde, şol sanda Aral deňziniň sebitinde, aýratyn hem ekologiýa heläkçiligine we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine sezewar bolan zolaklarda durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri toplumlaýyn çözmek üçin tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigini ykrar etdiler.

18. Taraplar suwuň, atmosfera howasynyň hapalanmagyny azaltmaga, buzluklary gorap saklamaga, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almaga, bag nahallarynyň oturdylýan ýerlerini artdyrmaga, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini, şol sanda suw joşmalarynyň, sil akymlarynyň, gurakçylygyň töwekgelçiliklerini azaltmaga, şeýle hem arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge we beýleki ugurlara gönükdirilen ylalaşylan çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Döwletleriň Baştutanlary Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň bähbitlerini nazara alyp we olaryň gatnaşmagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk düzümini we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini nygtadylar.

19. Adamzadyň täze ählumumy wehim — koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolan häzirki döwründe Merkezi Aziýa döwletleri bu ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görýärler.

Taraplar bu ugurda öz hereketlerini dünýä bileleşiginiň alyp barýan işleri bilen doly sazlaşdyryp, koronawirusa garşy göreşmekde möhüm halkara başlangyçlary goldaýarlar.

Döwletleriň Baştutanlary Gazagystanyň Prezidentiniň BMG-niň howandarlygynda Kesellere we biohowpsuzlyga gözegçilik etmek boýunça sebit merkezleriniň ulgamyny döretmek, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda ýörite köptaraplaýyn edarany – BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine hasabat berýän Halkara biologik howpsuzlyk boýunça agentligi döretmek barada başlangyjyna goldaw bildirdiler.

Şunuň bilen baglylykda, ylym diplomatiýa ugry boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, alym-lukmanlaryň, bilermenleriň we bilimiň ugurdaş beýleki ugurlaryndaky hünärmenleriň yzygiderli gatnaşyk saklamagy üçin ähli zerur şertleri döretmek barada ylalaşdylar.

Howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň tagallalaryny utgaşdyrmak maksady bilen, Taraplar wiruslaryň we beýleki ýokanç keselleriň, olaryň döredýän keselleriniň ýüze çykyş görnüşleriniň tebigatyny, ýokanç keselleri bejermegiň we öňüni almagyň usullaryny öwrenmek boýunça sebit mehanizmini döretmek baradaky meselä seretmegi zerur hasap edýärler.

20. Azyk ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygy bilen baglylykda, Taraplar azyk önümleri we ilkinji nobatda zerur bolan harytlar üçin üpjün etmegiň ulgamyny goldamak we «ýaşyl geçelgeler» usullaryny giňden ornaşdyrmak barada ylalaşdylar.

21. Taraplar Merkezi Aziýada ýaşaýan halklaryň bähbidine we BMG tarapyndan yglan edilen Halkara medeniýetleriň ýakynlaşmagynyň 10 ýyllygynyň ruhunda medeniýetara gatnaşyklary ösdürmek, medeniýetleriň köpdürlüligini we milletara sabyrly garaýşy goramak, saklamak we höweslendirmek, sebitiň etnosyýasatyny, maddy we maddy däl medeni we tebigy mirasyny öwrenmek we goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek we özara goldaw bermek, edebi gatnaşyklary kämilleşdirmek, halkara festiwallary, forumlary we bäsleşikleri geçirmek, aýdym-saz, teatr, şekillendiriş we senetçilik sungaty, kinematografiýa, teleradioýaýlymlar, arhiw, muzeý we kitaphana işi babatda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, şeýle hem raýatlaryň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň arasynda göni gatnaşyklary we syýahatçylary alyşmagy ösdürmek barada ylalaşdylar.

Bu ugurda özara gatnaşyklara ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýet bermek maksady bilen, Taraplar medeni-ynsanperwer alyşmagyň bitewi platformasy hökmünde «Merkezi Aziýa: bir geçmiş we bir geljek» diýen at bilen Merkezi Aziýanyň medeni dialogynyň forumyny döretmek barada ylalaşdylar.

22. Döwletleriň Baştutanlary halklaryň arasynda dostlugy berkitmekde sportuň möhüm ornuny nazara alyp, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi dowam etdirmek, Taraplaryň çäklerinde halkara sport-köpçülikleýin çäreleri geçirmegi goldamak, bedenterbiýe we sport guramalarynyň we edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy höweslendirmek barada ylalaşdylar. Şeýle hem Taraplaryň milli sport görnüşlerini halkara sport giňişliginde öňe sürmek boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygy barada bellenildi.

23. Döwletleriň Baştutanlary syýahatçylyk ulgamynda ysnyşykly özara hyzmatdaşlygyň, şol sanda bu ulgamy pandemiýadan soňra çalt depginde dikeltmek we sebitiň ýurtlarynyň arasynda syýahatçylary alyşmagy täzeden ýola goýmak maksady bilen, ýakyndan özara hyzmatdaşlygyň zerurdygyny bellediler.

Şeýle hem, Taraplar serhetüsti çäklerde syýahatçylyk zolaklaryny we klasterleri döretmek, Merkezi Aziýada bitewi giňişligi döretmek maksady bilen, syýahatçylyk önümlerini we ugurlaryny bilelikde öňe sürmek boýunça işleri işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.

Taraplar syýahatçylygy we syýahatçylyk kompaniýalaryny döwlet dolandyryş edaralarynyň arasynda, şeýle hem halkara we içerki syýahatçylygy ösdürmäge gatnaşýan beýleki guramalaryň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy goldap çykyş edýärler.

Taraplar syýahatçylyk işini ösdürmek baradaky maglumatlary, neşir materiallaryny, filmleri alyşmaga mundan beýläk-de ýardam ederler, mahabat çärelerini, maslahatlary we seminarlary geçirmekde, sergileri we ýarmarkalary guramakda hyzmatdaşlyk ederler.

24. Döwletleriň Baştutanlary daşary syýasat edaralaryna Sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasynyň» taslamasyny (Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň netijeleri boýunça) ylalaşmak boýunça işi ýakyn wagtlarda tamamlamagy tabşyrdylar.

25. Döwletleriň Baştutanlary daşary syýasat edaralaryna XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen, «Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakyndaky» Şertnamany Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň geljekki konsultatiw duşuşygynda gol çekmäge taýýarlamagy tabşyrdylar.

26. Prezidentler Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň ýeke-täk nyşanyny ulanmak barada çözgüt kabul etdiler we nyşan hakyndaky Düzgünnamany makulladylar.

27. Prezidentler Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanyny döretmek barada çözgüt kabul etdiler we Hormat nyşany hakyndaky Düzgünnamany we nyşanyň Beýanyny makulladylar.

28. Döwletleriň Baştutanlary Türkmenbaşy şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň forumyna, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyna, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertine ýokary baha berdiler.

Döwlet Baştutanlary daşary işler ministrlerine Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyny geçirmegiň möhletlerini hem-de ýerini kesgitlemek boýunça teklipleri hem-de konsultatiw duşuşyklaryň gün tertibini taýýarlamagy tabşyrdylar.

Konsultatiw duşuşyk däp bolan dostluk, hoşniýetlilik we ynanyşmak ýagdaýynda geçdi.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa myhmansöýerligi we konsultatiw duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk bildirdiler.

 

Türkmenbaşy şäheri, 2021-nji ýylyň 6-njy awgusty.

Phone: +993 (12) 44-56-92
Fax: +993 (12) 44-58-12
Reception: +993 (12) 44-56-87
Press service: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Ashgabat, Archabil av., 108
Ashgabat, Turkmenistan
© 2024 Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan