icon
Türkmençe
Русский
English
Year 2024 - «Fount of Wisdom
Magtymguly Fragi
»

02 March 2022

2206

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 1-nji marty)

Hormatly Türkmenistanyň 

Milli Geňeşiniň agzalary!

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýurdumyzda uly joşgun bilen baýramçylyklar bellenýän şu güni gözbaşyny şöhratly taryhymyzyň gadymy döwürlerinden alyp gaýdýan döwletliligimiziň milli kadalaryna esaslanyp, men gazanan üstünliklerimizi artdyrmak hem-de öňde duran uly işlerimizi we ýeňişlerimizi kanunçylyk taýdan berkitmek üçin, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen duşuşmagy zerur hasapladym. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagy, şeýle hem täze, belent maksatlary kesgitlemegi möhüm hasap etdim.

Halkymyzyň wekilleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde biz merdana ata-babalarymyzyň parasatly däplerine we jemgyýetimiziň demokratik kadalaryna eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna hem-de halkymyzyň bähbitlerine degişli möhüm soraglary ara alyp maslahatlaşdyk. Garaşsyz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» kabul etdik.

Biz halkymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna täze belentliklere tarap ynamly barýan ata Watanymyzy ösdürmegiň geljekki döwrüni «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrdyk. Şunuň bilen baglylykda, häzir öňde duran wezipeleri, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işiniň esasy ugurlary boýunça geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşarys.

Hormatly Türkmenistanyň 

Milli Geňeşiniň agzalary we deputatlary!

Merdana ata-babalarymyzyň parasatly däplerine we agzybir jemgyýetimiziň demokratik kadalaryna eýermek bilen, biz ýaňy-ýakynda, ýagny şu ýylyň 11-nji fewralynda halkymyzyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirdik. Mejlisde halkymyz üçin aýgytly, ykbal kesgitleýji taryhy waka öwrülen özygtyýarly ösüş ýoluna gadam basylan pursatdan başlap, mähriban Watanymyzda gazanylan üstünlikler, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerimiz baradaky möhüm soraglary ara alyp maslahatlaşdyk.

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda hem-de Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylan giň gerimli durmuş, syýasy we ykdysady özgertmeler, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna, halkymyzyň jana-jan bähbitlerine degişli beýleki möhüm meseleler hakynda gürrüň etdik.

Häzirki döwürde Garaşsyz döwletimiziň we geljek nesillerimiziň ykbaly üçin ägirt uly jogapkärçiligi bellemek bilen, biz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» kabul etdik. Maksatnama Garaşsyz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen taýýarlandy.

Şeýle hem biz ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny hem-de Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyny kabul etdik. Halkymyzyň geljeginiň bähbidine ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan ata Watanymyzy ösdürmegiň geljek döwrüni «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrdyk. Şunuň bilen baglylykda, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda men gözbaşyny şöhratly taryhymyzyň örän irki döwürlerinden alyp gaýdýan döwletliligimiziň milli kadalaryna esaslanyp, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary we deputatlary bilen duşuşmagy hem-de şu ýyl alyp barmaly işlerimiziň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmagy zerur hasap etdim. Biziň şu ýylda alyp barmaly işlerimiziň meýilnamasynyň taslamasy siziň ähliňizde bar we siz onuň bilen tanşansyňyz diýip pikir edýärin.

Hormatly Türkmenistanyň 

Milli Geňeşiniň agzalary!

Şu ýyl biz Garaşsyz döwletimiziň taryhynda ýene-de bir örän möhüm senäni, ýagny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň, şeýle hem Döwlet baýdagymyzyň döredilmeginiň 30 ýyllygyny giňden belleýäris.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy milli buýsanjymyzdyr. Biz bu gymmatlyklarymyza watançylyk duýgymyzy artdyrýan, döredijilige we zähmet joşgunyna hyjuwlandyrýan mukaddeslikler hökmünde aýratyn hormat goýýarys.

Konstitusiýa erkin, asuda, parahat we bagtyýar durmuşymyzyň kanuny kepillendirmesi bolup durýar. Konstitusiýamyz esasynda biz jemgyýetimiziň hem-de demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hukuk binýadyny döretdik. Adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de borçlarynyň, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň kämil ulgamyny emele getirdik. Konstitusiýamyzyň binýat goýujy ýörelgeleridir kadalary esasynda kanunlaryň, kodeksleriň we kararlaryň ýüzlerçesini kabul etdik. Jemgyýetimizi ösdürmegiň maksatlaryny, häzirki döwrüň talaplaryny hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini goldanyp, konstitusion, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri amala aşyrdyk. Köp partiýaly saýlaw ulgamyny döredip, iki palataly parlament ulgamyna geçdik.

Halkymyzyň uzak taryhy döwrüň dowamynda toplan tejribesine daýanyp, şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň konstitusion kadalaryna esaslanyp, biz mähriban Watanymyzyň halkara abraý-mertebesini yzygiderli ýokarlandyrdyk. Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna dünýäniň doganlyk halklary bilen dostlukly gatnaşyklary goldamak baradaky maksatlarymyza laýyk gelýän işleri yzygiderli amala aşyrdyk.

Biziň möhüm halkara soraglary çözmäge gönükdirilen netijeli tekliplerimiz halkara guramalar tarapyndan biragyzdan goldandy. Biziň başlangyjymyz bilen Baş Assambleýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek”, «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary kabul edildi. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Sanawyna girizilmegi hem halkymyz üçin şanly waka boldy.

Mundan başga-da, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň gender deňliginiň we zenanlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna, şu guramanyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wise-başlyklygyna, ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, Halkara gidrogeologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň hem-de ençeme beýleki halkara düzümleriň agzalygyna saýlandy.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň, her bir şahsyýetiň bähbitlerini nazara almak bilen, biz döwrüň talaplaryna laýyklykda milli kanunçylyk binýadymyzy hemişe kämilleşdirip durýarys.

Esasy Kanunymyza 2020-nji ýylda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizip, ýurdumyzyň iki palataly parlament ulgamynyň işiniň hukuk esaslaryny döretdik. Esasy Kanunymyzyň we Saýlaw kodeksimiziň täze düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny üstünlikli geçirdik. Munuň özi ýurdumyzyň wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralarynyň ösüşiniň täze döwründe taryhy waka boldy. Garaşsyz döwletimiziň kanun çykaryjy häkimiýetiniň alyp barýan işini hil taýdan täze derejä çykardy. Kabul edilýän kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary we deputatlary demokratik döwletimiziň, adalatly raýat jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny berkitmek hem-de kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek bilen birlikde, ýurdumyzda demokratiýany ösdürmek, döwletimiziň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek bilen bagly möhüm işleri hem alyp barýarlar.

Hormatly adamlar!

Umuman alanyňda, biz Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasynda nusgalyk demokratik, hukuk, dünýewi döwleti hem-de raýat jemgyýetini döredendigimizi ynam bilen aýdyp bileris.

Hormatly Türkmenistanyň 

Milli Geňeşiniň agzalary we deputatlary!

Ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň kabul edilen esasy ugurlaryna laýyklykda, şu ýyl kanun çykaryjylyk işinde öňümizde uly wezipeler durýar.

Bu wezipeler adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kanun çykaryjylyk we onuň kadalary, ykdysadyýeti, durmuş syýasaty ulgamyny, ylym, bilim, medeniýet hem-de ýaşlar syýasatynydyr sanly ulgamy öz içine alýar. Daşky gurşawy goramagy, tebigatdan peýdalanmagy we agrosenagat toplumyny, Türkmenistanyň daşary syýasy işini, ýerli wekilçilikli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny, saýlawlary göz öňünde tutýar. Şu ugurda döwrüň ruhuna laýyk gelýän kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, milli kanun çykaryjylygy täze derejä çykarmak esasy iş bolup durýar.

Şu maksat bilen:

1. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň halkara hem-de parlamentara işinde daşary ýurt döwletleriniň Parlamentleri, halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça işi maksada gönükdirip dowam etmeli. Munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldamagyň möhüm guraly bolup durýar. Anyk syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn geljege, umumy ykrar edilen we hemmelere düşnükli bolan ynsan gymmatlyklaryna esaslanýan bu işde biziň taýýarlan, halkara gatnaşyklarda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze pelsepämiz işjeň durmuşa geçirilýär.

Şu işleriň çäklerinde 2022-nji ýylda göz öňünde tutulan halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmeli. Türkmenistanyň Milli Geňeşi Daşary işler ministrligi bilen bilelikde maý aýynda meýilleşdirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny, şeýle hem şu forumyň çäklerinde Zenanlaryň dialogyny ýokary derejede geçirmegi üpjün etmeli. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň şu ýyl Türkmenistanyň başlyklygynda geçirilýändigini ýatlatmak isleýärin.

2. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagymyzyň döredilmeginiň 30 ýyllyk şanly senesiniň hormatyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki çärelerini geçirmegi göz öňünde tutmaly. Esasy Kanunymyzyň hem-de onda beýan edilen kadalaryň we düzgünleriň mazmunyny giňden düşündirmeli. Ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary, häkimlikler, syýasy partiýalar hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça alyp barýan işlerimizi yzygiderli wagyz etmeli.

Şu seneleriň hormatyna halkara we döwlet derejesinde maslahatlary, sergileri, forumlary, bäsleşikleri, döredijilik duşuşyklaryny geçirmegi hem meýilleşdirmeli.

3. Ata Watanymyzy ösdürmegiň täze zamany bolan Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kadalaryny we düzgünlerini täze zamanyň ruhuna hem-de talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy zerur diýip hasap edýärin. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy dünýä tejribesini, konstitusion kanunçylygyň kadalaryny we düzgünlerini ýene-de bir gezek jikme-jik öwrenmek aýratyn möhüm diýip hasaplaýaryn. Şu meselede döwlet häkimiýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, olaryň hukuklaryna, borçlaryna we ygtyýarlyklaryna gaýtadan seretmek şol teklipleri taýýarlamakda esasy soraglar bolmalydyr.

4. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek boýunça bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ençeme möhüm wezipeler ýüze çykýar. Şol pudaklaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagy, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek zerur bolup durýar.

Depginli ösýän bazar gatnaşyklary şertlerinde biz ýurdumyzyň sebitleriniň täze üpjünçilik ulgamlaryny döredýäris, telekeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrýarys.

Importy çalyşýan önümleri artdyrmak boýunça işleri çaltlandyrýarys. Şoňa görä-de, ykdysady we senagat zolaklaryny döretmek, olaryň netijeli işlemegini gazanmak üçin kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek ýaly möhüm ugurlara uly ähmiýet bermelidiris.

5. Ösüşiň täze zamanynyň şertlerinde biz öz öňümizde ýurdumyzyň sebitlerini depginli ösdürmek wezipesini goýduk. Şunuň bilen baglylykda, ähli welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň we obalaryň ilaty bilen netijeli işlemegi ýola goýmaly. Şu maksat bilen iş meýilnamalarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň komitetleriniň göçme mejlislerini geçirmegi göz öňünde tutmaly. Ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna guramaçylyk hem-de usulyýet kömegini bermeli. Saýlawçylar bilen hemişe gatnaşykda bolmaly. Şeýle hem raýatlaryň hatlaryny, ýüztutmalaryny we tekliplerini yzygiderli öwrenmeli. Olar bilen jemgyýetçilik kabul edişliklerini geçirip, adamlaryň gündelik durmuşy hem-de islegleri bilen gyzyklanmaly. Kanunlaryň kadalaryny hem-de döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň maksadyny düşündirmek işini dowam etmeli.

Sebitleri depginli ösdürmegi üpjün etmek geljekde hem ýurdumyzyň Hökümetiniň işiniň esasy ugry bolmalydyr.

6. Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüji syýasatynyň çäklerinde harby özgertmeleri geçirmegi we bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmegi dowam etmeli. Şu işiň çäklerinde häzirki özgertmeleri nazara alyp, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky», «Goranmak hakyndaky», «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky» Kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli.

7. Häzirki zaman şertlerinde hukuk tertibini we kanunylygy üpjün etmek babatdaky soraglar demokratik jemgyýeti ygtybarly ösdürmegiň hökmany şerti bolup durýar. Şoňa görä-de, Jenaýat Kodeksiniň kadalaryny we düzgünlerini kämilleşdirmek boýunça hem işleri dowam etdirmek zerurdyr. Kiber jenaýatçylyga, internet serişdelerini ulanmak bilen amala aşyrylýan jenaýatçylyga, maglumatlary goramak babatdaky jenaýatçylyga garşy göreşmek meselelerine aýratyn üns bermeli.

8. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde biz ylma esaslanan ykdysady syýasaty alyp barýarys. Daşarky bazarda bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçiligini giňeltmäge aýratyn üns berýäris. Ýurdumyzda öndürilen harytlar bilen içerki bazary doly üpjün etmegi möhüm hasaplaýarys. Şoňa görä-de, bu ugurda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlary kämilleşdirmek we döwrebap ýagdaýa getirmek zerurdyr.

Dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän ýaramaz ýagdaýlara garamazdan, biz, elbetde, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy pudagyň mümkinçiliklerini giňden ulanmak boýunça işleri dowam ederis. Telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, ýurduň maliýe-ykdysady ulgamyny durnukly ösdürmek boýunça işleri yzygiderli alyp bararys.

Ýurdumyzy sebitiň we Ýer ýüzüniň möhüm ulag-logistika merkezine öwürmek gazylyp alynýan baýlyklaryň çig mal känlerini senagat taýdan işläp geçmegi mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýlelikde, senagaty ösdürmek ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Şu aýdylanlardan ugur alyp, şeýle hem ykdysady we telekeçilik, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi, Gümrük we «Salgytlar hakyndaky» bitewi Kanunlar ýaly kanunçylyk namalaryny, maýa goýum işini düzgünleşdirýän kanunlary we beýleki kanunlary kämilleşdirmek hem zerurdyr.

9. Durmuş ulgamy islendik döwletiň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň ýagdaýyny kesgitleýän görkezijileriň biri bolup durýar. Bu ulgam, ilkinji nobatda, ähli raýatlaryň durmuş taýdan abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle-de ol ýaş we köp çagaly maşgalalara, ene-atasyny ýitiren çagalara, weteranlara we döwlet hem-de jemgyýetçilik bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara goldaw bermek üçin ýeňillikleri göz öňünde tutmaga hem-de döwletiň we jemgyýetçilik serişdeleriniň hasabyna goşmaça goldaw bermäge niýetlenendir. Şoňa görä-de, adamlaryň bu toparlaryna ýeňillikler we goldaw bermek göz öňünde tutulýan, hereket edýän kadalarydyr kanunçylyk namalaryny seljermek hem-de yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr.

10. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda hem giň möçberli işler alnyp barylýar. Biz «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde geljekde bu ulgamda amala aşyrmak göz öňünde tutulýan çäreleri beýan etdik. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýarys. Aýratyn hem dürli keselleriň öňüni almak, olary öz wagtynda ýüze çykarmak, bejermek, milletiň genofonduny gorap saklamak boýunça bu guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýäris. Biz bu ugurda eýýäm kanunlary we kararlary kabul edip, olary üstünlikli durmuşa geçirýäris.

Biz «COVID-19» ýokanjynyň ýüze çykarylan ilkinji günlerinden başlap, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit guramasy, şeýle hem ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk edýän halkara guramalar we döwletler bilen bilelikde koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak hem-de oňa garşy göreşmek boýunça meýilnamalaýyn işleri geçirýäris. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we bu guramanyň Ýewropa sebit edarasy bilen ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň çäklerinde koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça ýörite maksatnamany taýýarlamak, öýken çişme kesellerine garşy göreşmek boýunça sebit usulyny döretmek babatda teklipleri berdik. Şeýle hem biz Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň düzüminde ýiti ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça merkezi döretmek barada teklibimizi berdik. Merkezi Aziýa sebitiniň tebigy-ekzogen aýratynlyklaryny nazara alyp, Merkezi Aziýa boýunça wirusologiýa we bakteriologiýa merkezini döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdük. Biziň öňe süren bu ylmy-lukmançylyk diplomatiýamyzy halkara parlament jemgyýetçiliginde giňden ýaýratmak we oňa parlament goldawyny bermek zerurdyr.

11. Ýurduň ösüşiniň ýokary derejesini gazanmakda zähmet kanunçylygynyň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Sebäbi adam öz zähmeti bilen maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, jemgyýetiň ösüşine oňyn täsir edýär. Şoňa görä-de, her bir adamyň zähmet çekmäge hukugyny berjaý etmek we durmuşa geçirmek, ony hukuk taýdan üpjün etmek maksady bilen, zähmet kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek üçin kämilleşdirmek zerurdyr.

12. Biziň döwletimizde ýaşlar, ösüp gelýän nesil barada uly alada edilýär. Olaryň bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary, zehinlerini ösdürmekleri, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetde özüni ykrar etdirmeklerine gönükdirilen, durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk we hukuk çärelerini öz içine alýan döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Ýaşlary giň dünýägaraýyşly, ýokary medeniýetli, guramaçylyk ukyplary bolan adamlar edip terbiýelemek üçin zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Geçen ýyl biz Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassykladyk. Biziň döwletimiz ýaşlaryň jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin mundan beýläk-de ähli şertleri döreder. Mejlisiň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary ýaşlaryň arasynda bolup, olaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak we eziz Watanymyzyň geljegine has jogapkärli garamaklary üçin zerur işleri geçirmelidir. Zerur bolsa, bu ugurdaky kanunçylygy hem yzygiderli kämilleşdirip durmalydyr.

13. Biz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýokary derejeli milli türgenlerimizi taýýarlamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça döwlet syýasatyny alyp barýarys. Bu ulgamy maddy-tehniki taýdan üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň kadalaşdyryjy hukuk esaslaryny hem berkidýäris. Şu maksat bilen, 2020-nji ýylda «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, şeýle hem geçen ýyl Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassykladyk. Alnyp barylýan işleriň netijesinde, Bitarap Watanymyz dünýä we halkara derejelerde sport çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Türgenlerimiz halkara sport çärelerinde uly üstünlikleri gazanýarlar. Mejlisiň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde, bedenterbiýäniň we sportuň peýdasy hem-de sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalarynyň ähmiýeti barada ilatyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barmalydyrlar.

14. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda sanly ulgamy, täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça-da maksatnamalaýyn işleri alyp barýarys. Bu ugurda geçirilýän işleriň hukuk esasyny döretmek, sanly ulgamyň hyzmatlarynyň möçberini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassykladyk. Şeýle hem kiber howpsuzlyk, elektron resminamalar, elektron resminama dolanyşygy we sanly ulgamyň hyzmatlary bilen bagly kanunlar kabul edildi. Dünýä bir duran ýerinde durmaýar. Sanly ulgam hem günsaýyn ösýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamyň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek maksady bilen, zerur işleri geçirmeli.

15. Biz milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça uly işleri alyp barýarys. Milli medeniýet halkyň kalby hem-de ruhy baýlygydyr. Şoňa görä-de, milli mirasymyzy goramak, baýlaşdyrmak, dünýäde wagyz etmek, geljek nesillere ýetirmek üçin zerur işleri geçirýäris. Şeýle hem medeni diplomatiýamyzy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Bu işde ÝUNESKO-ny iň ýakyn hyzmatdaşymyz hasaplaýarys.

Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty we dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa biziň dünýäde alyp barýan giň gerimli medeni we ylmy diplomatiýamyzyň aýdyň netijeleridir.

Häzirki döwürde Aşgabady ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna «Dizaýn» ulgamy boýunça girizmek, «Türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny», «Türkmen keçe sungatyny», «Türkmen demirçilik senedini», «Türkmen tazysyny we elguş sungatyny», «Türkmen milli göreşini» hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ÝUNESKO derejesinde baýram edilip bellenýän şanly seneleriň sanawyna girizmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny döretmek, orta mekdepleriň käbirini ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna girizmek boýunça hem zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, zerur bolan halatda, bu ulgamda hukuk gatnaşyklaryny-da düzgünleşdirmeli.

16. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ministrlikler we degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde alyp baran sazlaşykly işleriniň netijesinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, obasenagat toplumynda hem jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän häzirki zaman kanunlarynyň birnäçesi kabul edildi.

Biz obasenagat toplumyny düýpli özgertmäge we ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Sebäbi bu toplum ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerinden önümleri öndürmek arkaly, azyk bolçulygy döredilýän pudaklaryň biridir. Toplum ýurdumyzyň senagat pudagyny çig mal serişdeleri bilen üpjün edip, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan oba hojalyk önümlerini öndürýär, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrýar.

Obasenagat toplumynyň köptaraply mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we oba hojalygyny ykdysadyýetiň düşewüntli pudagyna öwürmek boýunça öňde durýan wezipelerden ugur alyp, biz bu ugurdaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça hem degişli işleri geçirmelidiris.

17. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, durmuş bizden ýerli ýerine ýetiriji we wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de zerur çäreleri görmegi talap edýär. Bu häkimiýet edaralarynyň netijeli işlemegi ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde we ilatyň isleglerini kanagatlandyrmakda örän möhüm bolup durýar. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hökmünde Geňeşleriň ygtyýarlyklaryny kämilleşdirip, dolandyryş edaralarynyň hukuk ýagdaýyny halkara tejribä laýyk getirmeli. Şunuň bilen baglylykda, toplanan tejribä laýyklykda, «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakyndaky», «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakyndaky» Kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary yzygiderli girizip durmaly.

18. Bu işler bilen bir hatarda, degişli pudaklar boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny öz wagtynda kämilleşdirmegi hem üns merkezinde saklamak zerurdyr. Biziň döwletimiz ýaş nesiller barada yzygiderli alada edip, olaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin amatly şertleri döredýär. Şoňa görä-de, çagalaryň hukuklaryny goramak döwletiň durmuş syýasatynyň we milli kanunçylygyň örän möhüm ugry bolmagynda galýar.

Çagalaryň bähbitlerini iň gowy derejede üpjün etmek, olaryň erkin we deň ösmekleri, hukuklaryny durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini giňeltmek üçin şertleri döretmek maksady bilen we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, dünýä tejribesinden ugur alyp, etraplaryň we şäherleriň häkimlikleriniň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň işleri boýunça toparlarynyň işini kämilleşdirmek babatda hem zerur çäreleri görmeli.

19. Şunuň bilen baglylykda, Adalat ministrligine degişli edaralaryň gatnaşmagynda zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamagy utgaşdyrmak işini alyp barmagy tabşyrmaly.

Hormatly Türkmenistanyň 

Milli Geňeşiniň agzalary!

Mätäje ýardam we goldaw bermek biziň halkymyzyň häsiýetiniňdir aň-düşünjesiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Gadymdan gelýän bu asylly däplerimiz ene-atasyndan galan çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almaga halkymyzy borçly edýär. Ata-babalarymyz jana-jan milli kadalarymyza esaslanýan bu däplere gyşarnyksyz eýerip gelipdir.

Milli edebiýatymyzda we taryhy resminamalarda hem muny tassyklaýan köp sanly mysallar bar. Siz taryha ser salyp görüň: Togrul beg Alp Arslany, Görogly beg bolsa Öwezi ogullyga alýar.

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bolsa, şeýle setirleri bar:

Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,

Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,

Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,

Entäni goldara hemaýat ýagşy.

Beýik akyldar şahyrymyzyň bu wesýetleri türkmen jemgyýetinde hemişe berjaý edilip gelindi. Şoňa görä-de, çagalar barada hemmetaraplaýyn alada etmek, olaryň beden we aň-düşünje taýdan kadaly ösmegi üçin amatly şertleri döretmek, ýaş türkmenistanlylaryň bilim almaga, saglygy goraýşa hukuklaryny üpjün etmek bilen bagly milli däplerimizi dowam edip, biz bu soraglary durmuş syýasatymyzyň möhüm ugry hasaplaýarys.

Çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bu tagallalar, ilkinji nobatda, ata Watanymyzyň ykbaly, mynasyp we ýagty geljegi üçin biziň çekýän ýokary jogapkärçiligimizden gelip çykýar. Ösüp gelýän nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek we olarda ýokary ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen, biz Haýyr-sahawat gaznasyny döretdik. Gazna öz işini Türkmenistanyň enelik we çagalyk hakyndaky hereket edýän Kanunyna, beýleki hukuk namalaryna berk laýyklykda amala aşyrýar.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki 150 orunlyk çagalar bagyny, 120 orunlyk ýatylýan binany we sagaldyş merkezini öz içine alýan Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gaznanyň howandarlygynda işlär. Tutuş toplumda terbiýelenjek howandarlyga mätäç çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin ähli amatly şertler dörediler.

Häzirki döwürde bu ynsanperwer däpler çagalaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň we goramagyň hukuk taýdan kepillendirmeler toplumyny öz içine alýar.

Şeýle hem çagany jemgyýetde öz ornuny tapmaga hem-de durmuşda özbaşdak ýaşamaga taýýarlamaga gönükdirilen ykdysady we beýleki anyk çäreleri göz öňünde tutýar.

Gazna döredilen gününden başlap, howandarlyga mätäç çagalara jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşyna doly derejede we adalatly gatnaşmaga hukugy üpjün edip gelýär. Munuň özi olara lukmançylyk kömegini bermegi we saglygyny dikeltmegi hem-de derman serişdeleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen maddy kömegi hem öz içine alýar. Umumybilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdeplerde okamagy, ýörite sport hem-de beýleki zerur serişdeler bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Hormatly adamlar!

Türkmen jemgyýetinde ene-atasyndan galan çagalar ýalňyz goýulmaýar. Dürli sebäbe görä ata-eneden mahrum bolan çaga barada, ilkinji nobatda, onuň ýakyn garyndaşlary, eger olar ýok bolsa, daşkyrak garyndaşlary alada edýär. Hiç hili garyndaşy bolmadyk çaganyň bolsa, ýaşulularyň maslahaty bilen oba arçyny aladasyny edip, ony maşgalalaryň birine berkidýär. Şeýlelikde, perzentlige alan maşgala şol çagany özüniňki bilen deň görýär.

Şular ýaly ýeňil bolmadyk soraglary, şol sanda ogullyga ýa-da gyzlyga almak bilen bagly soraglary çözmek üçin gaznanyň ýanynda Ýaşulular Geňeşi işleýär.

Geňeşiň esasy wezipesi Düzgünnamada beýan edilen wezipeleri durmuşa geçirmekde gazna hemmetaraplaýyn ýardam bermekden, howandarlyga mätäç çagalara kömek etmekden ybaratdyr.

Ýaşulular Geňeşiniň agzalary dürli soraglara, şol sanda ene-atanyň howandarlygyndan galan çagalary perzentlige almak, olara at we familiýa bermek bilen bagly soraglara hem seredýär we sereder. Olara şu soraglar boýunça anyk çözgütleri kabul etmek üçin ygtyýarlyklar berler. Şu meselede ýaşulular Türkmenistanyň kanunlaryny we milli däp-dessurlarymyzy goldanar.

Netijede, bu çagalarda özleri baradaky hemmetaraplaýyn aladany duýmaga we jemgyýetimizde mynasyp ornuny tapmaga mümkinçilik bolar.

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleri ýurdumyzdaky, şeýle hem zerur bolanda, beýleki döwletlerdäki degişli lukmançylyk edaralarynda bejergä mätäç çagalary bejermek üçin bölünip berler.

Elbetde, gaznanyň howandarlygynda çagalary terbiýelemek, olaryň ýörite orta, ýokary bilim almagy, ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmegi bilen bagly soraglar hem döwletimiziň hemişe üns berýän meselesi bolar.

Gazna öz raýatlarymyz, dürli kärhanalardyr firmalar gatançlaryny yzygiderli geçirýärler. Siziň bilşiňiz ýaly, gazna birnäçe nähoş çagalaryň çylşyrymly lukmançylyk operasiýalary üçin eýýäm töleg geçirdi.

Şu ýerde men zähmet hakynyň belli bir bölegini haýyr-sahawat üçin geçirmegiň türkmeniň umumy ykrar edilen milli aýratynlyklarynyň biridigini aýratyn bellemek isleýärin. Bu bolsa türkmen medeniýeti bilen tanyş ähli adamlara mälimdir.

Hormatly adamlar!

Biz geljekde hem hemaýata mätäç çagalary goldamak boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň işini giňelderis we kämilleşdireris.

Umuman, täze eýýamyň talaplaryndan ugur alyp, geljekde kanun çykaryş işiniň ýokarda sanalyp geçilen ugurlary boýunça oýlanyşykly işlenip taýýarlanan Konsepsiýanyň esasynda kanun çykaryş işini alyp barmaly. Şeýlelikde, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça 2022 — 2027-nji ýyllar üçin Konsepsiýany işläp taýýarlamak we kabul etmek maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.

Hormatly Türkmenistanyň

Milli Geňeşiniň agzalary we deputatlary!

Döwür bir duran ýerinde durmaýar, çalt özgerýär. Durmuş biziň ählimizden aýgytly hereket etmegi, döredijilik başlangyçlaryny, möhüm özgertmeleri amala aşyrmagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi hukuk ulgamyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berip, bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz döwletimiziň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de berkitmäge şert döreder.

Hormatly Türkmenistanyň 

Milli Geňeşiniň agzalary!

Görşüňiz ýaly, täze taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljekde hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň öňünde uly wezipeler durýar.

Halk Maslahaty Mejlis bilen bilelikde netijeli işini dowam edip, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek, ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barmalydyr. Bu bolsa ýurdumyzyň syýasy ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça nobatdaky netijeli çäreleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer. Döwletiň we jemgyýetiň işiniň kämil binýadyny döretmäge, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de halkymyzyň durmuş taýdan abadançylygyny gazanmaga şert döreder.

Biz siziň bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň 2022-nji ýylda alyp barmaly işiniň esasy ugurlary boýunça çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdyk. Milli Geňeşiň öňünde durýan wezipeleri anyk kesgitledik.

Adamzat jemgyýetiniň we taryhynyň ösüşinde gazanylan sepgitler, milli mirasymyz, döwrümiziň nukdaýnazaryndan özleşdirmek esasynda türkmen halkynyň häzirki tejribesi nazara alnyp işlenip taýýarlanan garaýyşlaryň we ynsanperwerlik kadalarynyň toplumy biziň döwletlilik doktrinamyzdyr. Şu parasatly kadalara eýermek bilen, häzirki türkmen jemgyýeti adama iň ýokary gymmatlyk hökmünde garaýar.

Ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, ynsanperwer hem-de adalatly jemgyýet barha berkeýär. Häkimiýet edaralarynyň düzüminiň adam hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini mundan beýläk-de giňeltmek hem-de goramak boýunça işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki Türkmenistan demokratiýanyň mizemez kadalary, kanunyň agalyk etmegi, raýat agzybirligi we bitewüligi esasynda depginli ösýär. Bu bolsa biziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzda öz beýanyny tapdy.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda biz bu işleri täze görnüşde, has ýokary derejede, geçmişiň üstünliklerine we häzirki döwrüň ajaýyp ýeňişlerine daýanyp, dowam ederis.

Ýagty geljegimize nazar aýlap, ýurdumyzyň täze belentliklere tarap kuwwatly ösüşini we bagtyýarlygyny üpjün ederis.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary täze taryhy zamanada — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli tagallalary döwletimiziň we jemgyýetimiziň, her bir şahsyýetiň sazlaşykly ösmegini we olaryň bähbitlerini deň derejede üpjün etmegi göz öňünde tutýan kanunlary işläp taýýarlamaga gönükdirmelidir. Şol kanunlar ýurdumyzyň hukuk ulgamyny berkitmegi we kämilleşdirmegi, halkara guramalar hem-de dünýäniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi öz içine almalydyr.

Ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak baradaky maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Garaşsyz döwletimiziň sebitlerini ösdürmek, maýa goýumlaryny çekmek, öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary ösdürmek, hyzmatlar ulgamyny giňeltmek we goşmaça iş orunlaryny döretmek hem möhüm wezipelerdir. Ilat üçin elýeterli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bolsa örän möhüm meseledir. Şeýle esasda kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetiň şahalarynyň alyp barýan syýasaty bazar ykdysadyýetini ösdürmek bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwleti, ynsanperwer, adalatly jemgyýeti döretmäge borçly edýär. Bu syýasat halkymyzyň ertirki güne ynamyny artdyryp, eziz Watanymyza buýsanjyny we guwanjyny has-da ýokarlandyrar.

Hormatly Türkmenistanyň 

Milli Geňeşiniň agzalary we deputatlary!

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýar durmuş, alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Hormatly adamlar!

Biz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýokary buýsanç, geljege berk ynam, ajaýyp maksatlar bilen mundan beýläk-de has belent sepgitlere ýeteris. Sebäbi biziň ýurdumyz arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan we abadançylygyň ülkesidir.

Beýik döwlet, eziz ülke, 

dogduk depe, asly mekan,

Ählijesi seniň özüň, 

jan Watanym Türkmenistan!

Phone: +993 (12) 44-56-92
Fax: +993 (12) 44-58-12
Reception: +993 (12) 44-56-87
Press service: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Ashgabat, Archabil av., 108
Ashgabat, Turkmenistan
© 2024 Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan