icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 fewral 2017

1246

ABŞ-nyň “FIT International” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kört Edwardsyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşygy

2017-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “FIT International” kompaniýasynyň ýolbaşçysy we Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna garaşsyz synçy hökmünde gelen Kört Edwards bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijeleri hakynda pikir alyşdylar. Kört Edwards öz gezeginde, garaşsyz synçy hökmünde Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlaryna ýokary baha berip, onuň açyk we demokratik taýdan deňhukuklylyk esasynda geçirilendigini belledi we türkmen halkyny hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidentligine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap Türkmenistanyň Prezidentine özüniň mähirli salamyny we iň ýagşy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi