icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

01 oktýabr 2022

59493

Ykdysadyýet

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň» wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty ählumumy strategik möhüm gural hökmünde dünýä we sebit döwletleri, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Döwletiň milli ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen alnyp barylmagy we ulgamda ýokary tehnologiýalaryň we sanlylaşdyrma prosessleriniň ýaýbaňlandyrylmagy global ykdysady giňişligine we umumydünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşuluşmagyna güýçli itergi berýär.

Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. «Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň maksatnamasyny», «Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyny» we söwda, ykdysadyýet hem-de maýa goýumlar ulgamlaryna degişli resminamalardan gelip çykýan çäreleri hem-de taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu babatda, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän oňyn halkara şertleri döretmek, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, iri maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmek ýaly wajyp wezipeler ileri tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Döwlet maslahatynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, 2022-2028-nji ýyllarda Döwlet býujetiniň serişdeleri durmuş-ykdysady ösüş strategiýany durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdiriler. Býujetiň agramly böleginiň, ozalkylary ýaly, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ediljekdigi nygtaldy.

«Geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryny özleşdirip, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrarys. Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberlerini 1,8 esse artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 mü­ňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilim edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, şol sanda 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurarys. Bu işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dowamy bolan «Watan di­ňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämize laýyklykda, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna gönükdirilendir», - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Orta we uzakmöhletleýin döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanda ösen elektroenergetika, nebit we gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa senagatlary, maşyn-gurluşyk we demiri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.

Ylmyň we tehnikanyň öň­debaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly obasenagat toplumyny ösdürmekde we azyk bolçulygyny üpjün etmekde ýokary netijeler gazanylýar. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ak bugdaýyň mekany bolan Türkmenistanda 2022-nji ýylda döwlet harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý bugdaý tabşyryldy. Dokma kärhanalarynyň 60-dan gowragynda nah we garyşyk ýüplükleriň dürli görnüşleri, matalar, taýýar egin-eşikler, el halylary öndürilip, dünýä bazaryna ýokary hilli harytlar çykarylýar. Türkmenistan bu gün bäsdeşlige ukyply smart telewizorlary, noutbuklary, planşetleri, monobloklary, sensor ekranly kompýuterleri hem dünýä bazaryna ugradýar.

2022-nji ýylyň alty aýynyň makroykdysady görkezijileri boýunça Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geçen ýylyň alty aýynyň netijeleri bilen deňeşdirilende, ähli ugurlar boýunça ösüşe eýe bolandygyny, hemme pudaklaryň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylandygyny görkezýär. Jemi içerki önüm 6 göterim ýokarlandy. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Şu ýylyň alty aýy boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy 10,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa, 40 göterim köpeldi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 10,4 göterim ýokarlandy.

Türkmenistanyň halkara ykdysady işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri BMG-niň Ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň we netijeli gatnaşmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň energetika we energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, hususan-da, wodorod energiýasy boýunça wajyp meseleleriň çözülmegi, azyk howpsuzlygy we beýleki ugurlar babatda halkara hyzmatdaşlyk has hem giňeldilýär.

Ýurdumyz dünýä döwletleriniň arasynda özüniň ýangyja we elektrik energiýasyna bolan isleglerini öz hususy baýlyklary bilen doly kanagatlandyrýar, şeýle hem onuň ep-esli bölegini daşary ýurtlara çykarýar. Türkmenistan milli we umumadamzat bähbitlerine özüniň ägirt uly energetika mümkinçiligini netijeli peýdalanmaga örän jogapkärli çemeleşmäge ygrarlylygyny bildirýär hem-de bu ugurda anyk wezipeleri ýerine ýetirýär. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hem ony dünýä bazaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybarat bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek baradaky Kararnamalarynyň kabul edilmegi hem muňa aýdyň subutnamadyr.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklar özleşdirilýär. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy amala aşyrylýar. Bu täze energiýa köprüsi türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletleýin ugradylmagyny üpjün etmek bilen, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, işewür hyzmatdaşlygyň, parahatçylygyň berkemegi üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat eder.

Günden we ýelden elektrik energiýasyny öndürýän stansiýanyň, içerki energetika halkasynyň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşyklary dowam etdirilýär. Aşgabat şäherinde Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylmagy pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin şertleri döredýär.

Türkmenistanyň durmuşa geçirýän ulag-logistika strategiýasy öz gözbaşyny gadymyýetden - Beýik Ýüpek ýolundan alyp gaýdýar. Türkmenistan bu gün Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça üstaşyr ulag taslamalaryny amala aşyrýar. Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar hem-de TRACEKA halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegine işjeň gatnaşýar. Şeýle-de Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprülerini, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki şäherlerinde Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy şäherinde Halkara de­ňiz portuny gurmak boýunça taslamalar amala aşyryldy.

Türkmenistan maýa goýumlar babatda hem özüne çekiji ýurtdur. Içerki we daşary ýurt maýa goýum işjeň­ligini artdyrmak, ýurduň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwletimiziň öňe sürýän amatly maýa goýum gurşawyny döretmek babatdaky başlangyçlaryna halkara reýtinglerde ýokary baha berilýär.

Türkmenistan anyk kesgitlenen ugurlar boýunça strategiki wezipelerden we maksatnamalaýyn resminamalardan ugur alýar we daşary ýurtlar, halkara we sebit ykdysady hem-de maliýe guramalary we institutlary bilen hemmetaraplaýyn özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny dowam etmäge ygrarly we bu ugurda amala aşyrylmaly wezipeler boýunça tagallalary güýçlendirýär. Işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmakda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy, Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä Banky Topary, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky, Aziýa Ösüş Banky, Yslam Ösüş Banky we beýleki maliýe-ykdysady düzümler bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak syýasatyny dowam edýär.

Soň­ky döwürde söwda we maliýe ugurlary boýunça forumlary, sergileri, ýarmarkalary, simpoziumlary, şol sanda, wirtual sergileri geçirmek bilen, ýurdumyzyň senagat we intellektual kuwwaty dünýä ýaýylýar. Dünýäniň iri ykdysady merkezlerinde geçirilen Bütindünýä «EKSPO» sergilerinde ýurdumyzyň ýeten derejesine ýokary baha berilýär. Halkara hyzmatdaşlygyň täze döwrebap gurallaryny we nusgalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygyň gerimini gi­ňeltmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, daşary ýurtlarda guralýan sergilere we ýarmarkalara milli önümler, hyzmatlar, senagat nusgalar bilen gatnaşmagy işjeňleşdirmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar.

Türkmenistan energetika ulgamynda hem global we sebit derejelerinde giň hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda Halkara Energetika Hartiýasy, Halkara Energetika agentligi, Atom energiýasy boýunca halkara agentligi, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi, şeýle hem energiýa serişdelerini öndüriji öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.

Türkmenistan sebit hem-de halkara ulag we maglumat-kommunikasiýa ulgamlaryna işjeň goşulmak ugrundaky işlerini dowam etmek bilen, özüniň halkara ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalygyna girmek boýunça (häzirki wagtda «işjeň synçy» derejesinde) amala aşyrylýan hereketleriň çäklerinde hem-de erkin söwda boýunça halkara şertnamalara gatnaşýan ýurt hökmünde Türkmenistan söwda-ykdysady ugurly gyzyklanmalaryň ilerledilmegi babatynda işjeň syýasat alyp barýar. BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin agzasy hökmünde ýurdumyz onuň çäklerinde hem degişli işlere başlady.

Daşary ykdysady ulgamda alnyp barylýan tagallalar ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze bazarlaryň özleşdirilmegine hem-de eksport mümkinçilikleriniň we daşary ýurt maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna, türkmen harytlarynyň we hyzmatlarynyň dünýä bazaryna çykarylmagyna, halkara we sebit ykdysady hem-de maliýe guramalarynyň mümkinçilikleriniň doly göwrümde peýdalanylmagyna, şeýle-de dünýäniň ykdysady we maliýe bileleşikleriniň öňünde ýurdumyzyň oňyn abraýynyň kemala getirilmegine gönükdirilendir.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi