icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

01 oktýabr 2022

133000

Ylym

Türkmenistanda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artýar, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmek ugrunda zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ägirt uly ylmy mümkinçilikleri bolan giň dünýägaraýyşly we täzeçil tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksadaokgunly, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ähli zerur tagallalar gaýgyrylmaz.

Döwlet derejesinde her ýyl geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigi hem şu maksatlara gönükdirilendir. Intellektual bäsleşikde nanotehnologiýalar, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýa, kompýuter tehnologiýalary, döwrebap lukmançylyk hem-de derman serişdeleriniň önümçiligi, innowasion sanly ykdysadyýet ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär.

Döwrüň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda baý tejribe toplandy. Türkmenistanda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Öňdebaryjy halkara tejribe bilen bir hatarda milli ýörelgeler esasynda bilim işi kämilleşdirilýär. Şäherdir obalarda täze bilim edaralary gurlup tabşyrylýar. Okatmagyň usullary ylmy-nazaryýet, iş hem-de tejribe nukdaý nazaryndan kämilleşdirilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdepleriniň garamagynda döwrebap ylmy-barlag institutlar we merkezler hereket edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy-barlag işleriniň netijelerini önümçilige ornaşdyrmagyň ugurlary boýunça işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň» wezipelerine laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda dürli ugurlar boýunça döwrebap ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. 2020-nji ýylda «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu strategik taýdan ähmiýetli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ylym ulgamyny kämilleşdirmäge itergi berdi, IT-tehnologiýalara esaslanan netijeli, durnukly sanly bilim ulgamyny kemala getirmäge, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ylym bilen önümçiligiň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň dolandyrylmagyny ylmy taýdan esaslandyrmaga mümkinçilik berdi. Ylmy-barlag işläp taýýarlamalary, ýaşlary ylma çekmek, inžener-tehnologik hem-de telekeçilik işi üçin zerur bolan täze programma üpjünçiligini döretmek işiniň ilerledilmegine ýardam etdi.

Türkmenistan ylym-bilim işine dünýä ülňülerini ornaşdyryp, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrýar. Türkmenistan 2014-2016-njy ýyllar üçin, soňra bolsa, 2017-2020-nji ýyllar üçin BMG-niň ösüş maksatlaryna Ylym we tehnika boýunça komissiýasyna iki gezek saýlanyldy. Häzirki wagtda ýurdumyz 2021-2025-nji ýyllar üçin Durmuş ösüş komissiýasynyň hem-de 2021-2024-nji ýyllar üçin ösüş maksatlaryna Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzasy bolup durýar.

Ylmy döwlet tarapyndan goldamak işi giňeldilýär hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, geljegi uly barlaglary, tejribe-synag hem-de tehnologik işläp taýýarlamalary maliýe taýdan goldamak işi ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak baradaky gaznasy hem-de Ylmy ösdürmek gaznasy hereket edýär.

Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda hem-de Tehnologiýalar merkezinde ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de energiýa serişdelerini tygşytlamak meselelerini çözmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmen alymlary energiýanyň alternatiw çeşmelerini öwrenip, elektrik energiýasyny öndürmegiň, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny gözlemegiň, işläp geçmegiň, ýangyç serişdelerini çykarmagyň we ulanmagyň täze tehnologiýalaryny döredýärler, ýangyjy elektrik hem-de ýylylyk energiýasyna öwürmek boýunça barlaglary geçirýärler.

Türkmenistanda innowasion işi ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, Hazar deňziniň daşky gurşawyny hem-de biologik köpdürlüligini goramak, tektonik ýagdaýyny we seýsmiki işjeň­ligini öwrenmek boýunça ylmy barlaglar geçirilýär. Ýurduň günbatar sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, onuň uglewodorod we beýleki serişdelerini özleşdirmegiň, ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň, bu ýerde iri himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän kärhanalary hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şypahana-dynç alyş desgalaryny gurmagyň meýilnamalaryny nazara alanda, munuň özi, ylmy-amaly taýdan möhüm ähmiýete eýedir.

Ylymlar akademiýasynyň degişli institutlary tarapyndan seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Bu ulgamdaky taslamalaryň birnäçesi BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentligi we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

Ýurduň alymlarynyň «intellektual önümleriniň» – barlaglarynyň, ygtyýarnama alnan ylmy açyşlarynyň sanawy barha giňeýär. Olara ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň düzüminiň işlenip taýýarlanylmagy, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan orta we inçe süýümli gowaçanyň täze görnüşleri, Garagumuň çägesini berkitmegiň usullary we ş.m. degişli.

Himiýa institutynda adaty üzärligiň hem-de onuň düzümine girýän maddalaryň himiki düzümi öwrenildi. Bu ösümlik gadymdan bäri ýokanç keselleri bejermekde netijeli serişde hökmünde halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Netijede, ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan belli bir basyşyň astynda hem-de beýleki maddalary ulanmazdan dermanlyk ösümligi kadaly ýagdaýa getirmäge mümkinçilik berýän köpugurly usul işlenip taýýarlanyldy hem-de bu açyşa degişli döwlet patent berildi.

Türkmenistanda ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän hem-de adamzat pikiriniň beýik gazananlarynyň döwründe halkyň intellektual kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin ähli şertler üpjün edilen.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi