Saglygy goraýyş

Türkmenistan milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertdi we ösdürdi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köp maksatly ulgam derejesini berdi. Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär.

Şäher we oba saglyk öýlerinde maşgala lukmançylygy ýörelgesi boýunça edilýän saglygy goraýyş hyzmatlary kämilleşdirildi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ähli ýaşdaky raýatlaryň keselçilik görkezijisi peseldi.

Milli saglygy goraýyş ulgamyny standartizasiýalaşdyrmak üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň  hiline, bejeriş-öňüni alyş merkezleriniň bejeriş-anyklaýyş mümkinçiligine baha bermek maksady bilen,  kadalaşdyryjy resminamalar, şeýle-de hassahanalaryň derejelerine laýyklykda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýeke-täk klassifikatory we ş.m. işlenip düzüldi hem-de tassyklanyldy. Lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça keselleri anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman kliniki beýanlary işlenilip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda kabul eden “Ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämilleşdirmek hakyndaky” kararyna laýyklykda, raýatlaryň saglygyny goramagy döwlet tarapyndan kepillendirmek, ilatyň aýry-aýry toparlaryny mugt saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça kadalaşdyryjy resminamalar hem-de döwlet meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasynyň şertnamasyny baglaşmagyň tertibi hakyndaky Düzgünnamanyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy we degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşylyp tassyklanyldy.

Ýurdumyzyň öňüni alyş we bejeriş merkezlerinde elektron resminama dolanşygy ýola goýuldy.

Ýurdumyzyň tebigy-klimatiki, läbik bejeriji, balneologik şypahana edaralary netijeli işleýär. Olarda türkmenistanlylaryň we daşary ýurtly raýatlaryň saglygyny dikeltmek hem-de dynç alşyny guramak üçin ähli şertler döredilen.

Türkmen topragynda ösýän dermanlyk otlardan taýýarlanylýan toplumlaryň we çaýlaryň 50-den gowrak görnüşi iş tejribesine ornaşdyryldy. “Türkmendermansenagat” birleşiginiň zawodlarynyň önümleriniň jemi 7 million manatdan gowragy daşary ýurtlara iberildi.

Ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän strategiýa, döwlet syýasatynyň saglygy goraýyş ulgamynda wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan ilaty waksinalar we immunizasiýa bilen üpjün etmekligiň derejesi boýunça sebitde öňdebaryjy orny eýeläp, immuno profilaktika boýunça çäreleri geçirýän döwletleriň birinji hatarynda durýar. Türkmenistanda waksina sanjymlary tölegsiz geçirilýär.

Türkmenistan «Saglyk» maksatnamasyny tapgyrlaýyn amala aşyryp, ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça strategiýany durmuşa geçirip, keselleriň köp görnüşinden dolulygyna ýa-da bölekleýin azat boldy. Adam bedeninde demir ýetmezçiligi bilen bagly keselleriň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde azyk iýmitleri bolan uny we duzy demir bilen baýlaşdyrmak boýunça birnäçe uly möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Her ýyl ýurdumyzda dümewe garşy satyn alynýan sanjymlaryň möçberi artdyrylýar.  

Gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja ýaly kesellere garşy göreşmek ep-esli güýçlendirildi. Türkmenistan gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi barada Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň halkara güwänamasyna eýe boldy. Ýurtda inçekesel bilen kesellänler gözegçilik etmekligiň taryhynda iň pes derejesi bellenildi. WIÇ infeksiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak we ýol bermezlik boýunça üstünlikli halkara hyzmatdaşlyk etmekligiň netijesinde Türkmenistan WIÇ infeksiýasynyň we SPID-iň ýaýramadyk az sanly döwletleriň hataryndadyr.

2017-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, ýurdumyzyň döwlet dermanhanalarynda giň täsirli antibiotik derman serişdelerini lukmanyň dermannamasy esasynda goýbermek ýola goýuldy. Munuň özi bolsa, keselleriň dermanlara durnukly görnüşleriniň azalmagyna, raýatlarymyza diňe lukmanyň maslahaty we dermannamasy esasynda derman serişdelerini dogry we ýerlikli ulanmaga doly mümkinçilik döreder.

Enäni we çagany goramak boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň derejesine çykarylan saglygy goraýyş ulgamynyň düzüm bölegidir. Ýurduň ähli künjeklerinde ýokary dereje enjamlaşdyrlan «Ene mähri» merkezleriniň döredilmegi, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziň açylmagy we işjeň işlemegi, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek we gan azlyk bilen göreşmek boýunça milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi iri halkara guramalary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistan perinatal kömegini sebitleşdirmek maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen ene ölümçiliginiň öňüni almak, perinatal keselçiligi we ölümçiligi azaltmagyň ýolunda barýar.

Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak ugry boýunça çaganyň ösüşine halkara talaplaryna laýyklykda baha bermek usuly amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň çäklerinde ýurt derejesinde çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň görkezijisi ýokarlanyp, 92,8 göterime barabar boldy.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň çaga dogrulýan bölümlerinde bäbeklerde doga kemislikleri anyklamak we olary netijeli bejermek boýunça “Neonatal skrining” barlagy ýola goýuldy. Bu barlaglaryň geçirilmegi netijesinde hünärmenler topary tarapyndan seljerme işleri amala aşyryldy. Çagalarda duş gelýän kerrewlik, süýjüli diabet keselleriniň öňüni almak we ony bejermek boýunça iş meýilnamasy taýýarlanyldy.

Çagalaryň irki ösüş we dikeldiş ulgamynda fiziki we ergoterapiýa ugurlary ulanylýan täze usullar boýunça daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde iş geçirilip, özara tejribe alşyldy. “Türkmenistanda gyzlaryň, göwrelileriň we emdirýän eneleriň iýmitlenişi” atly gollanma işlenilip düzüldi.

Dürli keselleriň öňüni almak we sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermek baradaky wagyz-nesihat işleri geçirilýär. 

Ähli Saglyk öýlerinde “Saglyk mekdepleri” hereket edýär, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olary netijeli bejermek üçin algoritmler işlenilip taýýarlanyldy we lukmançylyyga ornaşdyryldy.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini dünýädäki öňdebaryjy sepgitleri nazara almak bilen özgertmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, hususan-da dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny ornaşdyrmak arkaly pugtalandyrmak boýunça anyk işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän üns- goldawy netijesinde 2017-nji ýylda daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş edaralary bilen bilelikde 15-den gowrak ylalaşyklara we ähtnamalara gol çekildi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmegiň milli nusgasy döredildi, maglumatlar merkeziniň utgaşdyrmagynda ilatyň düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. “Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 – 2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeler hem yzygiderli çözülýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan “Aşgabat Jarnamasynyň düzgünlerini amala aşyrmak - Ýewropa sebitini temmäki tüssesinden azat etmek” atly taslama maliýeleşdirildi.

Hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek işleri hem dowam etdirildi, ylym, bilim we okuw işleri täze ösüşe eýe boldy. 2016 – 2017-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini jemi 323 talyp, şol sanda ilkinji gezek sport lukmançylygy fakultetini ýokary derejeli ýaş hünärmenleriň 20-si üstünlikli tamamlady.

Saglygy goraýyşda dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, ikitaraplaýyn hökümetara ylalaşyklaryň we Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlyklaryň çäklerinde daşary ýurtlaryň 30-a golaýynda geçirilen dürli maslahatlara, konferensiýalara, okuw-seminarlara, duşuşyklara iş saparynyň 58-si guralyp, hünärmenleriň 145-si sapara ugradyldy. Geçen ýylyň dowamynda tejribe alyşmak üçin Germaniýa Federatiw Respublikasyndan professorlaryň we görnükli lukmanlaryň 90-a golaýy, şol sanda hünärmenleriň 30-dan gowragy SES (Senior Experten Service — Uly bilermenler gullugy) guramasyndan ýurdumyza geldi. Bu gurama bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň germaniýaly kärdeşleri bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň bir görnüşine öwrüldi.

Fizioterapewt hünärmenleri taýýarlaýan ýörite orta okuw mekdebini döretmek meselelerini öwrenmek üçin Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalarynyň, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň wekillerinden, tejribeli hünärmenlerden, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we I.Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlaryndan ybarat bilelikdäki pudagara iş topary döredildi. Toparyň üç mejlisi geçirilip, degişli teklipler taýýarlanyldy.

2017-nji ýylda Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi we Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi, Mary welaýatynyň Mary şäherinde Iç keseller hassahanasy işläp başlady, paýtagtymyzyň “Parahat 7” we “Köşi” ýaşaýyş toplumlarynda, Nebitçileriň şäherçesinde - Ankara köçesiniň ugrunda häzirkizaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen üç sany döwrebap Saglyk öýleri (N14,15,16) guruldy we işläp başlady. Aşgabatda 300 orunlyk Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi hem açyldy.

Milli maksatnamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Artyk oba Saglyk öýi, Duşak şäherçesinde Keselleriň öňűni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumy, Ak bugdaý etrabynyň Täze durmuş, Tejen etrabynyň Zähmet we Babadaýhan, Sarahs etrabynyň Garaman oba Saglyk öýleri guruldy, Balkanabat şäherinde 1-nji Saglyk öýi ulanylmaga berildi. Döwrebap we kämil bejeriş, anyklaýyş, okuw we önümçilik enjamlary bilen üpjün edilen bu merkezler ilatymyza ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrýarlar.

2018-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary şäherinde 120 orunlyk çagalar hassahanasy, Türkmenbaşy şäherinde 200 orunlyk “Awaza” şypahanasy, şeýle hem oba Milli maksatnamasyna laýyklykda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde welaýat köpugurly hassahanasy açyldy.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesinde hem-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde ýerleşýän Gaýnarbaba tebigy çeşmesiniň çäklerinde döwrebap şypahanalary gurmak, Aşgabat şäherinde Ýanyk şikesleri bejeriş Halkara merkezini gurmak barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde degişli işler alnyp barylýar.