icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 maý 2017

869

Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2017-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň binasynda Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Aşgabada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we energetika federal ministriniň orunbasary j-p Ekhard Fransyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Aşgabada geldi.

Özarabähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa we energetika pudaklarynda, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada işjeň pikir alyşyldy.

Taraplar 2016-njy ýylyň aprelinde Berlinde geçirilen Bilelikdäki iş toparynyň altynjy mejlisiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar. Iş toparynyň agzalary iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy bilen hoşallygyny bildirdiler we özarabähbitli gatnaşyklary mundan hem beýläk ösdürmekde dürli derejelerdäki yzygiderli duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler.

Soňra iş toparynyň agzalary geljekde iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, telekeçilik işini kanuna laýyklykda dolandyrmagyň, işewür maslahatlary, sergileri, ýarmarkalary we Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysayýet günlerini geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi