icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 awgust 2017

1052

Pakistan Yslam Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

2017-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Pakistan Yslam Respublikasynyň täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Murad Aşraf Janjua bilen duşuşyk boldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, şeýle-de Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňaýly ösýändigini belläp, taraplar ýakyn wagtda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Bilelikdäki hökümetara toparyň nobatdaky mejlisiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyklaryň ösüşiniň mümkinçilikleriniň giň gerimi barada aýdylanda, taraplar ykdysady, söwda, medeni we bilim ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada durup geçdiler.

Pakistanyň Ilçisi iki milletiň taryhynyň, medeniýetiň we däp-dessurlarynyň meňzeşligi döwletleriň özara gatnaşyklaryň işjeňliginiň esasy bolup durýandygy belledi. Ol şeýle-de TAPI gazgeçirijisi taslamasynyň strategiki ähmiýetini belläp, geljekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ygrarlylygyny bildirdi.

Oňyn we netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilendigini belläp, türkmen tarapy  Ilçiniň türkmen-pakistan gatnaşyklaryny giňeltmekde alyp barýan işlerinde ähli ýardamlary berjekdigini we goldajakdygyny beýan etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi