Makalalar we çykyşlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Häzirki döwürde dünýä çalt depginler bilen özgerýär. Dürli-dürli syýasy we ykdysady guramalar peýda bolýar. Täze howplar hem-de wehimler ýüze çykýar. Şeýle şertlerde jogapkärli we oýlanyşykly daşary syýasaty alyp barmagyň aýratyn möhüm ähmiýeti bardyr. Bu syýasat bitaraplygyň anyk esaslaryna hem-de aýdyň ugurlaryna laýyk gelmelidir, hemişe halkymyzyň taryhy tejribesine daýanmalydyr. Uzak asyrlaryň dowamynda toplan gymmatlyklaryna, däp-dessur...

Dowamy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi taýdan işe girişmek dabarasynda eden çykyşy (Aşgabat ş. 2017-nji ýylyň 17-nji fewraly)

Eziz watandaşlar! Hormatly myhmanlar! Hanymlar we jenaplar! Şu gün ajaýyp Ruhyýet köşgüniň mejlisler zalynda men hormatly ýaşulularymyza, abadan we bagtyýar geljegi gurmak wezipesi öňünde duran merdana ýaşlarymyza, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna, Milli parlamentiň deputatlaryna, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we diplomatik korpusyň wekillerine berk jan saglyk, uly üstünlikl...

Dowamy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy (2017-nji ýylyň 13-nji ýanwary)

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar! Dünýä ykdysadyýetinde ýaramaz hadysalaryň dowam edýän şertlerinde, biz ýurdumyzyň ýubileý ýylyny, ýolbaşçylaryň hasabatyndan görnüşi ýaly, oňat netijeler bilen tamamladyk. Şeýle çylşyrymly ykdysady we maliýe şertlerinde bitaraplyk syýasatymyzyň ýurdumyzyň ösüşine oňyn we durnukly täsir edýändigini bütin dünýä subut etdik. Daşary syýasatda beýleki döwletler bilen gatnaşyklary ikitaraplaýyn esasda we halkara gu...

Dowamy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy (Aşgabat şäheri, 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwary)

Hormatly deputatlar! Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşyp, berkarar Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak indi asylly däbe öwrüldi. Biz şu däbimize eýerip, täze — 2016-njy ýylyň başynda siziň bilen ýene-de duşuşýarys. Hormatly deputatlar! Şu günki duşuşygymyzyň başynda Türkmenistanyň Me...

Dowamy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşIň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly Halkara maslahatda sözlän sözi (Aşgabat, 2015-nji ýylyň 12-nji dekabry)

Hormatly döwlet Baştutanlary! Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary we agzalary! Hanymlar we jenaplar! Şu gün şu zalda bütin dünýäden döwlet we hökümet baştutanlary, parlamentleriň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli diplomatlar, syýasy we jemgyýetçilik işgärleri bu halkara maslahata gatnaşmak üçin ýygnandylar. Ilki bilen, gadyrly myhmanlarymyza mähirli salam bilen ýüzlenýärin. Olara şu maslahatyň işine gatnaşmak we türkmen halky bilen bilelikde taryhy se...

Dowamy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň Sammitinde eden çykyşy (Tähran, 2015-nji ýylyň 23-nji noýabry)

Hormatly jenap Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti! Hormatly döwlet Baştutanlary! Gadyrly maslahata gatnaşyjylar! Ilki bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti jenap Hasan Ruhanä myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin! Dünýä energetika giňişligindäki, şol sanda gaz pudagyndaky häzirki ýagdaý biziň öňümizde uly we çylşyrymly wezipeleriň birnäçesini goýýar. Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek zerurlygy...

Dowamy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde sözlän sözi (2015-nji ýylyň 25-nji sentýabry, Nýu-Ýork şäheri)

Hormatly jenap Başlyk! Hormatly jenap Baş sekretar! Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary we agzalary! Durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki bu duşuşygyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygynyň bellenýän döwründe geçirilmegi bu çärä aýratyn ähmiýet berýär. Dünýä döwletleriniň baştutanlarynyň ösüş babatda halkara Gün tertibini ilkinji gezek kesgitläp, häzirki döwrüň birnäçe möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen, arkalaşykly hereket etmegiň...

Dowamy