TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky Karary bilen, Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýew başga işe geçmegi sebäpli, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýanyndakyTürkmenistanyň Hemişelik wekili hem-de Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky wekili wezipelerinden boşadyldy.
DowamyTÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky Permany bilen, Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hem-de Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipelerinden boşadyldy.
DowamyTÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň 23-nji iýulynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen bölegi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
DowamyTÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi.
DowamyTÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
DowamyTÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň 11-nji iýulynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
DowamyTÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY
Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň 11-nji iýulynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Dowamy