
Türkmen wekiliýeti ministrler derejesindäki ykdysady we energetika maslahatyna gatnaşdy
2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Tokio şäherinde “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde döredilen ministrler derejesindäki ykdysady we energetika dialogynyň gibrid görnüşinde birinji duşuşygy geçirildi. Mejlise türkmen tarapyndan “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy, döwlet ministri M.Babaýew sanly ulgam arkaly gatnaşdy. Şeýle-de Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Nişimura Ýasutoşiniň alyp barmagynda geçirilen duşuşyga Merkezi Aziýa döwletler...
Dowamy
Gruziýada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi
2023-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden taryhy çykyşyna bagyşlanyp Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri üçin brifing geçirildi. Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow brifingde çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllaryň içinde syý...
Dowamy
"Hytaý - Merkezi Aziýa" seljeriş merkezleriniň forumy barada
2023-nji ýylyň 21-22-nji sentýabrynda Siýanda (HHR) üçünji “Hytaý - Merkezi Aziýa” seljeriş merkezleriniň üçünji forumy geçirildi, oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Foruma gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Hytaýyň Merkezi Aziýa döwletleriniň her biri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şeýle hem sebit derejesinde özara gatnaşy...
Dowamy
Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran konwensiýasynyň çäklerindäki geňeşmelere gatnaşdy
2023-nji ýylyň 21-22-nji sentýabrynda Ženewa şäherinde Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) ministrler derejesindäki geňeşmeleri geçirildi. Duşuşuga hazarýaka döwletleriň – Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetleri gatnaşdy. Geňeşmeleriň dowamynda Tähran konwensiýasynyň Sekretariatynyň institusional mehanizmleri, daşk...
Dowamy
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy T.Endonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýapon tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Taraplar parlamentara gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasy...
Dowamy
Yslamabatda türkmen-päkistan medeni gatnaşyklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow Päkistan Yslam Respublikasynyň wagtlaýyn hökümetiniň Milli miras we medeniýet bölüminiň Federal ministri Saýed Jamal Şah bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda, Ilçi täze wezipä bellenmegi mynasybetli Saýed Jamal Şahy gutlady we döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Taraplar iki ýurdyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekdäki hyzmatdaşlyklaryň mundan beýläk hem berkidilmeginiň u...
Dowamy
Türkmenistanyň ilçisi Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň rektory bilen duşuşyk geçirdi
2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi M.Aýazow bilen Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň rektory Sona Ogannisýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň konserwatoriýalarynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň tejribe alyşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi rektora N.Halmämmedowyň, W.Muhadowyň we beýleki meşhur türkmen kompozitorlarynyň eserleriniň ýygyndylar...
Dowamy