Diplomatik wekilhanalaryň habarlary

Türkmenistanyň ASEAN-nyň ýanyndaky wekiliniň duşuşyklary

2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasynyň (ASEAN) ýanyndaky wekili M.Maşalow Assosiasiýanyň 43-nji mejlisiniň we ugurdaş ýygnaklarynyň jemleri boýunça geçirilen brifinge gatnaşdy. Şol günüň özünde onuň ASEAN-yň Baş sekretary doktor Kao Kim Hurn bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ASEAN-yň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýollary, şeýle hem bu ugurda geljek...

Dowamy
Türkmenistanyň ilçisiniň Pakistanyň söwda, senagat we önümçilik ministri bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Mowlamowyň bu ýurduň geçiş hökümetiniň söwda, senagat we önümçilik ministri Gohar Ejaz bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda ilçi söhbetdeşine Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan hem-de türkmen halkynyň abadançylygyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýän giňişleýin özgertmeler barada habar berdi. Şeýle mysal hökmünde “akylly” şäher konsepsiýasyna...

Dowamy
Yslamabatda edebiýat agşamy

2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap edebi agşam geçirdi. Çäre türkmen halkynyň Milli Lidery, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymgyly Pyragy” atly täze goşgusynyň tanyşdyrylyş dabarasy bilen başlandy. Çärä gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň baý miras...

Dowamy
Türkmen tarapynyň Tokioda geçirilen ylym we tehnologiýa maslahatyna gatnaşmagy

2023-nji ýylyň 7-8-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Ylym geňeşiniň guramagynda Tokio şäherinde “Durnuklylyk üçin ylym we tehnologiýa – 2023” atly halkara maslahaty geçirildi, onuň işine Ýaponiýanyň hökümetiniň agzalary, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ylmy we bilim toparlarynyň hünärmenleri, şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň wekilleri gatnaşdy. Türkmen tarapynyň çykyşynda ýakynda ýurdumyzda häzirki zaman ülňü...

Dowamy
Türkmenistan Sinandali aýdym-saz festiwalyna gatnaşýar

2023-nji ýylyň 31-nji awgustyndan 10-njy sentýabry aralygynda Gruziýada 5-nji Sinandali klassiki aýdym-saz festiwaly geçirilýär. Sinandali festiwaly dünýäniň dürli künjeklerinden ýerine ýetirijileri, dirižorlary, kompozitorlary, şeýle hem nusgawy aýdym-saz söýüjilerini özüne jemleýär. Festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedowyň çäräniň guramaçylary we oňa gatnaşýan ýaş türkmen sazandalar topary bilen duşuşygy geçirildi. Ilçi festiwaly gu...

Dowamy
Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi M.Çaryýew Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Fransisko Ribeýru Telles bilen duşuşdy we onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary gowşuryldy. Gepleşigiň başynda Baş sekretar ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we portugal tarapynyň diplomatik işinde ýardam we goldaw berjekdigine ynandyrdy. Portugaliýanyň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan...

Dowamy
Laos Durnukly ulagyň dostlary toparyna goşuldy

Laos Halk Demokratik Respublikasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparyna goşulýandygyny yglan etdi. Toparyň nobatdaky 3-nji mejlisi 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Dowamy