icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

26 sentýabr 2018

1634

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden ÇYKYŞY

Aş­ga­bat, 2018-nji ýy­lyň 25-nji sent­ýab­ry

 

Hor­mat­ly Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar!


Şu gün biz da­ba­ra­ly ýag­daý­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ge­çir­ýä­ris. Bu wa­ka Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da giň­den bel­len­ýän mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­my­zyň öň ýa­nyn­da bo­lup geç­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy mer­da­na hal­ky­myz we dün­ýä bi­le­le­şi­gi üçin örän äh­mi­ýet­li ta­ry­hy wa­ka­dyr. Şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­myz bi­ze ata-ba­ba­la­ry­my­zyň öz­baş­dak döw­let ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Müň­ýyl­lyk­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan mil­li we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, be­lent yn­san­per­wer däp­le­ri­mi­zi di­kelt­mä­ge şert dö­ret­di.

1991-nji ýyl­da mu­kad­des ýa­şyl Baý­da­gy­myz we mil­li ag­zy­bir­li­gi­miz bi­len, döw­le­ti­miz hem-de jem­gy­ýe­ti­miz üçin düýp­li öz­gert­me­le­riň tä­ze döw­ri baş­lan­dy. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň res­mi hu­kuk de­re­je­si we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň baş ug­ry hök­mün­de biz bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ny ka­bul et­mek ba­ra­da yk­bal kes­git­leý­ji ka­ra­ra gel­dik.

Dün­ýä tej­ri­be­sin­de tä­ze ýag­daý hök­mün­de türk­men bi­ta­rap­ly­gy äh­lu­mu­my ösüş ýol­la­ry­ny üýt­get­me­giň has amat­ly nus­ga­sy­ny tek­lip et­di. Hyz­mat­daş­ly­gyň we äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy ga­zan­ma­gyň tä­ze kon­sep­si­ýa­sy­nyň bin­ýa­dy­na öw­rül­di.

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da bi­ra­gyz­dan ka­bul eden Re­zol­ýu­si­ýa­syn­da mil­let­ler bi­le­le­şi­gi «Türk­me­nis­ta­nyň yg­lan eden he­mi­şe­lik bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ny yk­rar ed­ýär we gol­da­ýar» diý­lip bel­len­ýär.

Bu gu­ra­ma­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 12-nji de­kab­ry Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni di­ýip yg­lan et­me­gi bol­sa, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­na dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu sy­ýa­sat mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we yn­san­per­wer­lik ka­da­la­ry­na, köpasyr­lyk ösü­şi­niň ta­ry­hy tej­ri­be­si­ne hem-de me­de­ni däp-des­sur­la­ry­na da­ýan­ýar. Äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ril­ýär.

Ne­ti­je­de, ber­ka­rar döw­le­ti­miz hal­ka­ra gat­na­şyk­la­r­da yk­rar edi­len sy­ýa­sy-hu­kuk de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Bu bol­sa dün­ýä­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk ýag­daý­dyr. Şol döw­rüň örän çyl­şy­rym­ly öw­rü­li­şik pur­sa­dyn­da Türk­me­nis­ta­nyň saý­lap alan ýo­lu­nyň mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň mil­li bäh­bit­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry gör­kez­di.

Hor­mat­ly Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar!


Bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan dö­re­di­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan do­ly ma­kul­lan­dy we gol­daw tap­dy. Dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin tä­ze ýol­la­ry aç­dy. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da Türk­me­nis­tan yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şa, açyk­ly­gy we Mer­ke­zi Azi­ýa­da howp­suz­ly­gy ke­pil­len­dir­ýän yla­laş­dy­ry­jy mer­ke­ze öw­rül­di.

Hor­mat­ly Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Hor­mat­ly adam­lar!


Bi­ziň hal­ky­myz ga­raş­syz­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zy ag­rar ül­ke­den se­na­gat taý­dan ösen döw­le­te öwür­mek bo­ýun­ça ägirt uly iş­le­ri ama­la aşyr­dy.

El­bet­de, bu yk­dy­sa­dy­ýet bi­len bag­ly­dyr we «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ra esas­la­nyp, il­kin­ji no­bat­da, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­dik, äh­li ugur­lar­da düýp­li öz­gert­me­le­ri ge­çir­dik.

Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge, onuň dü­züm­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge örän köp ma­ýa go­ýum­la­ry­ny, şol san­da da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­dik. Ama­la aşy­ran bu iş­le­ri­mi­ze si­ziň hem ba­ha be­rip bi­ler ýa­ly, men bir­nä­çe my­sal­la­ry ge­ti­re­ýin:

Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýy­ly­nyň için­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze goý­lan esa­sy ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­be­ri 350 es­se­den hem köp art­dy we 500 mil­liard ma­na­da ýa-da 185 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­laý bol­dy. Mu­nuň 68 gö­te­ri­mi, ýag­ny 335 mil­liard ma­na­da ýa-da 124 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­la­ýy önüm­çi­lik pu­da­gy­na gö­nük­di­ril­di. Bu se­riş­de­ler bi­ze 2600-den hem köp önüm­çi­lik-teh­ni­ki we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly iri des­ga­la­ry gur­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.

Ne­ti­je­de, ýur­du­myz­da köp pu­dak­ly yk­dy­sa­dy­ýet dö­re­dil­di. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz dür­li ugur­la­ry — elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy, ne­bit­gaz, ma­şyn­gur­lu­şyk, me­tal­lur­gi­ýa, hi­mi­ýa, gur­lu­şyk, elekt­ron, ýe­ňil we azyk se­na­ga­ty pu­dak­la­ry­ny hem-de beý­le­ki se­na­gat pu­dak­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar.

Or­ta we ki­çi hu­su­sy te­le­ke­çi­lik hem yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Hä­zir ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny ha­sa­ba al­maz­dan, umu­my içer­ki önü­miň dü­zü­min­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te da­hyl­syz bö­le­gi­niň pa­ýy 68 gö­te­ri­me ýet­di. Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry içer­ki ba­zar­da ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mä­ge, yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge we döw­le­ti­mi­ziň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga my­na­syp go­şant goş­ýar­lar.

Hor­mat­ly adam­lar!

Ýur­du­my­zyň Döw­let býu­je­ti­niň gir­de­ji­le­ri­niň art­ma­gy hem ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ne oňyn tä­sir ed­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bu gir­de­ji­ler gy­şar­nyk­syz art­ýar. «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ry­my­za la­ýyk­lyk­da, biz al­ýan gir­de­ji­le­ri­mi­zi şu mak­sa­da gö­nük­dir­ýä­ris. Zäh­met hak­la­ry­ny, pen­si­ýa­la­ry, döw­let kö­mek pul­la­ry­ny we ta­lyp hak­la­ry­ny her ýyl 10 gö­te­rim kö­peld­ýä­ris.

Mun­dan baş­ga-da, Döw­let býu­je­tin­den goý­be­ril­ýän se­riş­de­le­riň esa­sy bö­le­gi­ni bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, ýa­şa­ýyş jaý-je­ma­gat ho­ja­ly­gy ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mä­ge we pen­si­ýa üp­jün­çi­li­gi­ne gö­nük­dir­ýä­ris.

Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň dün­ýä ba­zar­la­ryn­da ýer­leş­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, on­lar­ça döw­let­de, şol san­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da, Be­la­rus, Gyr­gyz, Tür­ki­ýe hem-de Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­la­ryn­da we bir­nä­çe beý­le­ki döw­let­ler­de Söw­da öý­le­ri­ni aç­dyk.

Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de do­wam ed­ýän ýa­ra­maz ýag­daý­la­ra we çyl­şy­rym­ly ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy şert­le­re ga­ra­maz­dan, ne­sip bol­sa, biz şu ýyl we gel­jek ýyl je­mi içer­ki önü­miň möç­be­ri­niň 6,2 gö­te­rim art­ma­gy­ny üp­jün ede­ris.

Hor­mat­ly Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar!


Ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­dy we şeý­le bol­ma­gyn­da gal­ýar. Se­bä­bi ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­ýan, gaý­ta­dan iş­le­ýän we eks­port ed­ýän önüm­çi­lik­ler döw­le­ti­mi­ze köp gir­de­ji ge­tir­ýän, gel­je­gi uly bo­lan ugur­lar­dyr.

Eks­port et­me­giň ugur­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, ösen köpugur­ly tur­ba ge­çi­ri­ji üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny dö­ret­mek Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar.

Şu nuk­daý­na­zar­dan, soň­ky ýyl­lar­da ama­la aşy­ry­lan giň ge­rim­li ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­my­za, hu­su­san-da, Hy­ta­ýa we Eý­ra­na tä­ze gaz ge­çi­ri­ji­le­riň gu­rul­ma­gy­na, şeý­le hem Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­na ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­na go­şan ha­ky­ky go­şan­dy hök­mün­de ga­ra­mak bo­lar. Bu bol­sa Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň umu­my ýag­da­ýy­na we ösü­şi­ne oňyn tä­sir ed­ýär, ony dün­ýä äh­mi­ýet­li ener­ge­ti­ka mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­ýär.

Bi­ziň ýur­du­myz dün­ýä­de ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni köp möç­ber­de iber­ýän döw­let­le­riň bi­ri bol­mak bi­len, eks­port et­me­giň dur­nuk­ly hal­ka­ra ul­gam­la­ry­ny dö­ret­me­giň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär. Äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka ba­zar­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li gör­nüş­le­ri­ni we nus­ga­la­ry­ny iş­läp düz­me­gi, trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň yg­ty­bar­ly bol­ma­gy­ny gol­da­ýar.

Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny ös­dür­mä­ge, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän, gaý­ta­dan iş­len­ýän we eks­port edil­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­dy.

Şu mak­sat bi­len, «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­ni se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­mä­ge 8 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­laý ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de ýyl­da 386 müň ton­na po­lie­ti­len we 81 müň ton­na po­lip­ro­pi­len ön­dür­ýän gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy ta­mam­la­nyp bar­ýar. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Owa­dan­de­pe şä­her­çe­sin­de hem ýyl­da te­bi­gy gaz­dan «Eu­ro-5» öl­çe­gi­niň eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän A-92 gör­nüş­li ben­zi­niň (gaz ben­zi­niň) ýyl­da 600 müň ton­na­sy­ny ön­dür­ýän za­wo­dyň gur­lu­şy­gy gu­ta­ryp bar­ýar.

Hor­mat­ly Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!

Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar!


Elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy­na ýur­du­my­zy se­na­gat taý­dan ös­dür­mek, eks­por­tyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça ka­bul eden mak­sat­na­ma­la­ry­my­zy dur­mu­şa ge­çir­mek­de örän uly orun de­giş­li­dir. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da we­la­ýat­la­ry­myz­da we Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýe­di sa­ny kuw­wat­ly, hä­zir­ki za­man elekt­rik stan­si­ýa­sy gu­rul­dy. Şo­la­ryň bi­ri­ni — ut­gaş­dy­ry­lan gör­nüş­de iş­le­ýän tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny ýa­ňy-ýa­kyn­da biz Ma­ry şä­he­rin­de işe gi­riz­dik. Elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­lar, paý­laý­jy ki­çi stan­si­ýa­lar gur­lup, şä­her­le­ri­mi­ziň­dir ilat­ly ýer­le­ri­mi­ziň ener­gi­ýa üp­jün­çi­lik we yşyk­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry hem tä­ze­len­ýär.

Gur­lu­şyk top­lu­myn­da hem öz­gert­me­ler giň ge­rim bi­len al­nyp ba­ryl­ýar. Pu­dak­da tä­ze ma­te­rial­lar we ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­lar giň­den ula­nyl­ýar. Biz Ahal we­la­ýa­tyn­da döw­re­bap aý­na we aý­na önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän iri kär­ha­na­ny işe gi­riz­dik.

Bi­ziň ýur­du­myz «ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­te» tap­gyr­la­ýyn geç­ýär. Gur­lu­şyk­da eko­lo­gi­ýa taý­dan howp­suz we se­riş­de tyg­şyt­laý­jy hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­ýar.

Soň­ky ýyl­lar­da mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän döw­re­bap top­lum­la­ryň işe gi­ri­zil­me­gi, ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­niň art­ma­gy ne­ti­je­sin­de, biz düý­bün­den tä­ze di­ýen ýa­ly hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny dö­ret­dik.

Da­şa­ry ýurt­ly ma­ýa­dar­lar bi­len Le­bap we­la­ýa­tyn­da ýyl­da 1 mil­lion 400 müň ton­na ka­liý hlo­ri­di­ni ön­dür­ýän kär­ha­na gu­rul­dy.

Ma­ry şä­he­rin­de hem ýyl­da 400 müň ton­na am­miak we 640 müň ton­na kar­ba­mid ön­dür­ýän döw­re­bap za­wod işe gi­ri­zil­di.

Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de ýa­pon we türk kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len bi­le­lik­de ýyl­da 1 mil­lion 155 müň ton­na kar­ba­mid ön­dür­ýän tä­ze za­wo­dyň gur­lu­şy­gy­ny ta­mam­la­dyk.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýod, brom we olar­dan alyn­ýan önüm­le­ri ön­dür­ýän bir­nä­çe des­ga­nyň gur­lu­şy­gy dep­gin­li al­nyp ba­ryl­ýar. Ne­ti­je­de, teh­ni­ki ýo­duň ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri ep-es­li ar­tar.

Ýe­ňil se­na­gat­da ge­çir­ýän öz­gert­me­le­ri­miz içer­ki ba­zar­la­ry ýo­ka­ry hil­li öz ha­ryt­la­ry­myz bi­len üp­jün et­mä­ge we önüm­le­riň bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na eks­por­tyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Hor­mat­ly Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar!


Ulag ul­ga­mynyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny döw­re­bap ýag­da­ýa ge­tir­mä­ge, he­re­ket ed­ýän ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge we ola­ryň tä­ze­le­ri­ni dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len mil­li mak­sat­na­ma­lar taý­ýar­lan­dy we üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar.

Bu bol­sa ulag ul­ga­my­nyň hal­ka­ra kom­mu­ni­ka­si­ýa üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­na iş­jeň go­şul­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Ýur­du­my­zyň geog­ra­fi­ýa taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi mul­ti­mo­dal gat­naw­la­ry ut­gaş­dyr­ýan iri lo­gis­tik mer­kez­le­ri dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­lan­ma­gy, şeý­le hem Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň we Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da ut­gaş­dy­ry­lan aw­to­mo­bil, de­mir ýol we de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy bi­len, döw­le­ti­mi­ziň we goň­şy ýurt­la­ryň öňün­de giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­dy.

Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de köpugur­ly döw­re­bap port top­lu­my­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bol­sa Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň çäk­le­rin­den üs­ta­şyr gat­naw­la­ry bir­nä­çe es­se art­dy­ryp, eks­port şert­le­ri­mi­zi has-da ýo­kar­lan­dyr­dy.

Ýur­du­myz­da gur­lan köp­rü­ler hem mö­hüm äh­mi­ýet­li des­ga­la­ra öw­rül­di. Di­ňe Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den bäş sa­ny de­mir ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­si gu­rul­dy. Bu bol­sa Le­bap we­la­ýa­ty­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni iş­jeň ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di.

«De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta» we Ker­ki — Ymam­na­zar — Aki­na de­mir ýol­la­ry­nyň işe gi­ri­zil­me­gi ýük­le­ri Gü­nor­ta Hy­ta­ýyň ke­nar­la­ryn­dan Pars aý­la­gy­nyň ba­zar­la­ry­na has amat­ly ýag­daý­da elt­mä­ge şert dö­ret­di. Içer­ki de­mir ýol­la­ry we in­že­ner-teh­ni­ki des­ga­la­ry döw­re­bap­laş­dyr­mak hem iş­jeň al­nyp ba­ryl­dy.

Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­men­ba­şy — Fa­rap we Aş­ga­bat — Da­şo­guz aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy we dur­ku­ny tä­ze­le­mek iş­le­ri hem giň ge­rim bi­len do­wam ed­ýär.

Ho­wa ulag­la­ry pu­da­gy hem iş­jeň öz­ger­dil­ýär. Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li gu­rul­dy. Türk­me­na­bat şä­he­rin­de tä­ze Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň, şeý­le hem Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki ho­wa men­zi­lin­de uçuş-go­nuş zo­la­gy­nyň gur­lu­şy­gy ta­mam­lan­dy.

Ara­gat­na­şyk pu­da­gy­nyň üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar hem-de di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ril­ýär.

Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da bi­ziň il­kin­ji mil­li eme­li hem­ra­myz älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­dy. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, halk ho­ja­ly­gyn­da iň kä­mil ara­gat­na­şyk, san­ly te­le­wi­de­ni­ýe hem-de In­ter­net ul­gam­la­ry giň­den ula­nyl­ýar.

Hor­mat­ly Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar!


Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zyň bi­lim, hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak, ylym we teh­no­lo­gi­ýa ul­gam­la­ryn­da hem giň ge­rim­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­dy. Şu dö­wür­de 509 sa­ny hä­zir­ki za­man tä­ze bi­lim eda­ra­la­ry açyl­dy. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri iň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar, mul­ti­me­diýa ul­gam­la­ry bi­len üp­jün edil­di.

Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zy se­na­gat taý­dan ös­dür­mek, elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek, gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň ba­za­ry­ny eme­le ge­tir­mek, ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti we te­le­ke­çi­lik, şeý­le hem hu­kuk ul­ga­my, me­niň öň hem bel­läp ge­çi­şim ýa­ly, hä­zir­den köp san­ly hü­när­men­le­ri ta­lap ed­ýär.

Biz dö­wür­den yza gal­maz­lyk üçin äh­li ün­si örän ze­rur bo­lan ma­li­ýe, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet, oba ho­ja­lyk, se­na­gat­laş­dyr­mak we elekt­ron se­na­ga­ty bo­ýun­ça tä­ze okuw mak­sat­na­ma­la­ry­ny we me­ýil­na­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­dir­me­li­di­ris. Men hal­ka­ra hu­kuk­çy­la­ry­ taý­ýar­la­mak ba­ra­da aý­dyp hem du­ra­mok.

Bu iş­le­ri ama­la aşyr­mak üçin öň­de­ba­ry­jy mil­li we hal­ka­ra tej­ri­bä­ni yzy­gi­der­li öw­ren­me­li we bir­leş­dir­me­li. Bi­lim ul­ga­my­nyň, iş be­ri­ji­niň we zäh­met ba­za­ry­nyň öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny, iş­gär­le­ri gaý­ta­dan taý­ýar­la­ma­gy ýo­la goý­ma­ly.

Hor­mat­ly Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar!


Jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­ni öz­gerd­ýän kuw­wat­ly güýç hök­mün­de yl­myň dur­muş­da örän mö­hüm or­ny bar­dyr. Ata Wa­ta­ny­myz Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ylym we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ba­bat­da iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry we yl­my mer­kez­le­ri bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk edip gel­di.

Ýur­du­myz­da yl­myň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan hal­ka­ra mas­la­hat­la­r yzy­gi­der­li ge­çi­ril­di. Gö­zel Di­ýa­ry­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny, ta­ry­hy­ny we me­de­ni­ýe­ti­ni öw­ren­mä­ge ýar­dam ber­ýän yl­my sa­par­lar gu­ral­dy.

Aka­de­mi­ki ins­ti­tut­la­ry­my­zyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy ber­ki­dil­di. Yl­my bar­lag­ha­na­lar döw­re­bap en­jam­lar we ab­zal­lar bi­len üp­jün edil­di. Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy bol­sa yl­my ös­dür­mek­de no­bat­da­ky ädim bol­dy.

Hor­mat­ly wa­tan­daş­lar!
Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar!


Sag­ly­gy go­raý­şy ös­dür­mek hem bi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň ile­ri tu­tul­ýan esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de hä­zir­ki za­man kli­ni­ki we yl­my-kli­ni­ki mer­kez­ler bi­na edil­di. Luk­man­çy­lyk we sa­gal­dyş-şy­pa­ha­na ugur­ly dür­li eda­ra­la­ryň dur­ky tä­ze­len­di.

Di­ňe soň­ky ýyl­lar­da paý­tag­ty­myz­da Kar­dio­lo­gi­ýa mer­ke­zi, Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi, New­ro­lo­gi­ýa, Mor­fo­lo­gi­ýa hem-de Aý­ra­tyn howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni alyş mer­kez­le­ri, Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit­len­mek, Hal­ka­ra okuw-yl­my mer­kez­le­ri, şeý­le hem Hal­ka­ra hi­rur­gi­ýa we en­dok­ri­no­lo­gi­ýa mer­ke­zi açyl­dy. Ma­ry şä­he­rin­de ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy, Türk­me­na­bat şä­he­rin­de köpugur­ly has­sa­ha­na­sy, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de «Awa­za» şy­pa­ha­na­sy, we­la­ýat­lar­da «Tiz kö­mek» mer­kez­le­ri işe gi­ri­zil­di.

Hä­zir ýur­du­myz­da 122 sa­ny has­sa­ha­na iş­le­ýär. Köp bö­le­gi oba ýer­le­rin­de ýer­leş­ýän sag­lyk öý­le­ri­niň ul­ga­my giň ge­ri­me eýe bol­dy.

Ga­raş­syz Di­ýa­ry­myz­da der­man se­na­ga­ty hem dep­gin­li ös­dü­ril­ýär. Ýer­li çig mal­dan ýo­ka­ry hil­li der­man we luk­man­çy­lyk mak­sat­ly beý­le­ki se­riş­de­ler ön­dü­ril­ýär.

Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň yg­ty­bar­ly we özü­ni çalt öde­ýän gör­nü­şi hök­mün­de «adam ma­ýa­sy­na» go­ýum­la­ry goý­ma­ga aý­ra­tyn mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­di. Şo­ňa gö­rä-de, bi­lim we sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ry­na ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­mek alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­my­zyň esa­sy ugur­la­ryn­dan bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar.

Hor­mat­ly Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar!


«Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen sy­ýa­sa­ty­myz­dan ugur alyp, biz hal­ky­my­zyň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn nes­li ke­ma­la ge­tir­mek­de ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rip gel­ýän ýö­rel­ge­le­ri­ni do­wam ed­ýä­ris. Dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän iri sport we at­çy­lyk-sport top­lum­la­ry­ny, sta­dion­la­ry, sport mek­dep­le­ri­ni, sag­lyk öý­le­ri­ni yzy­gi­der­li gu­rup, ulan­ma­ga ber­ýä­ris.

Türk­me­nis­ta­nyň sport döw­le­ti diý­lip yk­rar edil­me­gi Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da bi­ziň ga­za­nan iň uly üs­tün­li­gi­miz­dir.

Bil­şi­ňiz ýa­ly, ge­çen ýyl on gün­läp ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len V Azi­ýa oýun­la­ry, «Amul — Ha­zar» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­zi tu­tuş dün­ýä­de iri sport ýa­ryş­la­ry­ny hal­ka­ra de­re­je­­de gu­ra­ma­ga ukyp­ly ýurt hök­mün­de ta­nat­dy.

Men mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň kä­mil sport bin­ýa­dy­na we hal­ky­my­zyň gol­da­wy­na eýe bo­lup, gel­jek­de hem Azi­ýa hem-de to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­ryn!

Sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Şo­ňa gö­rä-de, bu ul­ga­my ös­dür­mek we kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler do­wam ed­ýär.

Hor­mat­ly Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar!


Biz hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy­nyň, ga­dy­my däp­le­ri­niň, me­de­ni­ýe­ti­niň, ru­hy we mad­dy gym­mat­lyk­la­ry­nyň, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­niň mö­hüm şer­ti hök­mün­de me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň dün­ýä­de wa­gyz edil­me­gi­ne, döw­le­ta­ra we hal­ka­ra me­de­ni-yl­my gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýä­ris.

Hä­zir ýur­du­myz­da teatr­la­ryň 10-sy, mu­zeý­le­riň 36-sy, ki­tap­ha­na­la­ryň hem 230-sy iş­le­ýär. Her ýyl bir hep­dä­niň do­wa­myn­da ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet gün­le­ri mil­li çe­per dö­re­di­ji­lik we me­de­ni­ýet baý­ram­çy­ly­gy­na öw­rü­lip, ga­dy­my mi­ra­sy­my­za buý­sanç duý­gy­my­zy art­dyr­ýar.

Biz gel­jek­de hem baý ru­hy-mil­li we me­de­ni mi­ra­sy­my­za da­ýan­mak bi­len, hal­ky­my­zyň dö­re­di­ji, ru­hu­be­lent mil­let­di­gi­ni bü­tin dün­ýä wa­gyz ede­ris.

Hor­mat­ly adam­lar!

Oba ho­ja­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de öz­gert­mek bo­ýun­ça iş­ler do­wam ed­ýär. Ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da iri mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry gu­rul­ýar. Ne­ti­je­de, mal­la­ryň we guş­la­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ýo­kar­lan­ýar. Ekin­le­ri ýe­tiş­dir­mek üçin äh­li we­la­ýat­lar­da ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­lyk­la­ry dö­re­dil­di. Bu bol­sa ila­ty­my­zy hem-de da­şa­ry ýurt­la­ra iber­mek üçin oba ho­ja­lyk önüm­le­ri bi­len ýy­lyň bü­tin do­wa­myn­da üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de et, süýt we gök önüm­le­ri­ni sak­la­mak üçin üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry hem dö­re­dil­ýär.

Ýer­le­riň dur­ku­ny tä­ze­le­mek we me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, ha­sy­ly­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, tä­ze su­wa­ryş usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler do­wam ed­ýär. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, oba ho­ja­ly­gyn­da ga­za­nyl­ýan ne­ti­je­ler pes bol­ma­gyn­da gal­ýar.

Biz oba­se­na­gat top­lu­my­nyň işi­ni üýt­ge­dip gu­rap, ýer­den bol ha­syl al­ma­gyň, düýp­li öz­gert­me­le­ri ge­çir­me­giň hem-de do­lan­dy­ryş usul­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­me­giň amat­ly ýol­la­ry­ny göz­le­me­li­di­ris.

Şo­ňa gö­rä-de, men oba­se­na­gat top­lu­my­nyň işi­ni go­wu­lan­dyr­mak bi­len bag­ly tek­lip­le­riň bir­nä­çe­si­ne se­ret­me­gi tek­lip ed­ýä­rin:

1. Pes önüm­çi­lik gör­ke­zi­ji­le­ri we dü­şe­wünt­siz daý­han bir­le­şik­le­ri­niň oba ho­ja­lyk ýer­le­ri al­nyp, has go­wy iş­le­mä­ge ukyp­ly önüm ön­dü­ri­ji­le­re be­ril­se, dog­ry bo­lar di­ýip pi­kir ed­ýä­rin.

2. Şu mak­sat bi­len, ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da, ýö­ri­te ýer gaz­na­sy­ny dö­ret­me­gi hem-de iş to­pa­ry­nyň çöz­gü­di esa­syn­da ýer­le­ri 99 ýyl möh­let bi­len is­leg bil­dir­ýän­le­re ber­me­gi tek­lip ed­ýä­rin.

3. Şeý­le hem bö­lü­nip ber­len ýer­le­riň 70 gö­te­ri­min­de pag­ta we bug­daý ek­mek, ga­lan 30 gö­te­ri­min­de bol­sa beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni ýe­tiş­dir­mek ne­ti­je­li bo­lar di­ýip ha­sap­la­ýa­ryn.

4. Daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nyň hem-de oba ho­ja­lyk paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­niň şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­dan ar­tyk ön­dü­ren önüm­le­ri ola­ryň is­le­gi bo­ýun­ça öz ga­ra­ma­gyn­da gal­dy­ryl­sa we er­kin ba­ha­lar bo­ýun­ça ýer­le­mek hu­ku­gy­ny göz öňün­de tut­ýan ter­tip kes­git­len­se, mak­sa­da­la­ýyk bo­lar di­ýip pi­kir ed­ýä­rin.

5. Azyk­lyk bug­da­ýyň we pag­ta­nyň döw­let sa­tyn alyş nyrh­la­ry­na tä­ze­den se­ret­me­giň, ýo­ka­ry hil­li to­hum ön­dür­mek üçin goş­ma­ça tö­leg­le­ri bel­le­me­giň ze­rur­dy­gy­ny hem aýt­mak is­le­ýä­rin. Bu çä­re­ler oba zäh­met­keş­le­ri­niň bol ha­syl al­ma­ga hö­we­si­ni art­dy­rar.

6. Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek üçin te­le­ke­çi­le­ri gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­ty ös­dür­mä­ge, eks­port et­mek üçin ýo­ka­ry hil­li azyk ha­ryt­la­ry­ny ön­dür­mä­ge giň­den çek­me­gi ka­nun­çy­lyk taý­dan üp­jün et­me­li.

7. Ila­ty­my­zyň gök we mi­we önüm­le­ri bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak, ola­ryň eks­port edil­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, we­la­ýat mer­kez­le­ri­niň go­la­ýyn­da ýö­ri­te­leş­di­ri­len daý­han ho­ja­lyk­la­ry we gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­lar dö­re­dil­se, peý­da­ly bo­lar di­ýip ha­sap­la­ýa­ryn.

8. Ýur­du­my­zyň ekin meý­dan­la­ry­nyň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, su­wa­ryş we zeý­keş aka­ba­la­ry­ny aras­sa­la­mak, suw üp­jün­çi­li­gi­ni kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, daý­han bir­le­şik­le­ri­ne hem-de ho­ja­lyk­la­ry­na, oba ho­ja­lyk paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ne we yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­na suw ho­ja­lyk iş­le­rin­de ula­nyl­jak ýer gaz­ýan teh­ni­ka­la­ry we bul­do­zer­le­ri sa­tyn al­mak üçin, 10 ýyl möh­le­te çen­li ýyl­da 1 gö­te­rim ýe­ňil­lik­li bank karz­la­ry­ny ber­me­li.

9. Mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, hu­su­sy ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň ha­sa­by­na onuň ösü­şi­ni hö­wes­len­dir­mek, mal­la­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ga­ra mal­la­ry we do­war­la­ry ýe­tiş­dir­ýän hu­su­sy ho­ja­lyk­la­ry dö­ret­mek, ola­ry ot-iým ön­dür­mek üçin ýer bö­lek­le­ri bi­len üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ni hem ka­nun­çy­lyk taý­dan çöz­me­li.

10. Ýur­du­my­zyň ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­ma­gyň anyk ugur­la­ry­ny kes­git­le­jek tä­ze mak­sat­na­ma­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gy ze­rur ha­sap­la­ýa­ryn. Şo­ňa gö­rä-de, de­giş­li ýol­baş­çy­lar­dan we hü­när­men­ler­den şu me­se­le­ler bo­ýun­ça anyk tek­lip­le­re ga­raş­ýa­ryn.

Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­gy baý­lyk­la­ry­my­zy aýaw­ly sak­la­mak we art­dyr­mak, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa gur­şa­wy dö­ret­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň ýe­ne bir mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Biz, ta­pyl­gy­syz baý­lyk­la­ry­myz bo­lan be­lent dag­la­ry­my­zy, uç-gy­rak­syz meý­dan­la­ry­my­zy, aja­ýyp der­ýa­la­ry­my­zy­dyr köl­le­ri­mi­zi örän aýaw­ly we ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ly­dy­rys.

Şo­ňa gö­rä-de, biz bir­nä­çe tek­lip­le­ri öňe sü­rüp, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len bu baş­lan­gyç­la­ry ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri gör­ýä­ris.

Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň däp-des­sur­la­ry­ny hor­mat­la­mak bi­len, ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­ri ge­çir­ýä­ris. Soň­ky ýyl­lar­da to­kaý meý­dan­la­ry çalt dep­gin­ler bi­len gi­ňel­ýär. Ýy­lyň bü­tin do­wa­myn­da gök öwüs­ýän se­ýil­gäh­ler gu­rul­ýar. Ilat­ly ýer­le­riň daş-tö­we­re­gin­de, aw­to­mo­bil we de­mir ýol­la­ryň bo­ýun­da dö­re­di­len to­kaý zo­lak­la­ry amat­ly eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny eme­le ge­tir­ýär.

Ga­ra­gum säh­ra­syn­da «Al­tyn asyr» Türk­men kö­lü­niň dö­re­dil­me­gi suw se­riş­de­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­ma­ga we daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga, se­bi­tiň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga ýur­du­my­zyň goş­ýan go­şan­dy­nyň aý­dyň my­sal­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Hor­mat­ly Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar!


Şu ýer­de men ýe­ne-de bir mö­hüm me­se­lä si­ziň ün­sü­ňi­zi çek­mek is­le­ýä­rin. Biz ýe­ňil bol­ma­dyk ge­çiş döw­rün­de ila­ty go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len deň­siz-taý­syz ýe­ňil­lik­le­ri — gaz­dan, elekt­rik ener­gi­ýa­syn­dan, agyz su­wun­dan we na­har du­zun­dan mugt peý­da­lan­ma­gy üçin ýe­ňil­lik­le­ri gi­riz­dik. Ýa­şa­ýyş jaý­la­ry we edil­ýän je­ma­gat hyz­mat­la­ry üçin ujyp­syz ba­ha­la­ry bel­le­dik.

Ýö­ne, dö­wür üýt­ge­ýär. Tä­ze yk­dy­sa­dy şert­ler dö­re­ýär. Hä­zir­ki döw­rüň ta­la­by te­bi­gy we yk­dy­sa­dy se­riş­de­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­mak­dan, jem­gy­ýe­tiň, döw­le­tiň we her bir ada­myň ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne uý­gun­laş­ma­gyn­dan yba­rat bo­lup, bu me­se­le­ler oý­la­ny­şyk­ly çö­zül­me­gi­ni ta­lap ed­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da ila­tyň gir­de­ji­le­ri gör­ne­tin art­dy. Her maş­ga­la ga­zanç et­mek, ça­ga­la­ry ek­läp-sak­la­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let ta­ra­pyn­dan mugt be­ril­ýän se­riş­de­le­ri tyg­şyt­ly ulan­mak üçin bu me­se­le­le­re tä­ze­çe ga­ral­sa, mak­sa­da­la­ýyk bo­lar di­ýip ha­sap­la­ýa­ryn.

Se­bä­bi, te­bi­gy baý­lyk­la­ry­myz, ýur­du­my­zyň ösen yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri di­ňe hä­zir­ki däl-de, eý­sem, gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ze hem hyz­mat et­me­li­dir.

Şo­ňa gö­rä-de, men ga­zy, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny, agyz su­wu­ny mugt sarp et­mek üçin goý­be­ril­ýän se­riş­de­le­riň, şeý­le hem ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň we je­ma­gat hyz­mat­la­ry­nyň tö­leg­le­ri­niň esas­lan­dy­ry­lan ul­ga­my­ny ýo­la goý­ma­gy mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­ýa­ryn. Bir­nä­çe ýyl­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­myz­dan, şol san­da ýa­şu­lu­lar­dan bu ba­ra­da köp san­ly tek­lip­ler hem ge­lip go­wuş­dy.

Şeý­le tek­lip­ler Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­hat­la­ryn­da ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şo­ňa gö­rä-de, bu me­se­le bo­ýun­ça de­giş­li ka­rar ka­bul et­sek, mak­sa­da­la­ýyk bo­lar di­ýip ha­sap­la­ýa­ryn.

Hor­mat­ly adam­lar!

Bi­ze ýe­ne-de bir mö­hüm me­se­lä­ni — 2019-njy ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň tas­la­ma­syn­da dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň esa­sy ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak ze­rur bo­lup dur­ýar.

Me­niň pi­ki­rim­çe, pu­dak­la­ry di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň ha­sa­by­na yk­dy­sa­dy ösü­şiň dur­nuk­ly ýo­ka­ry dep­gin­le­ri­ni sak­la­mak, hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li iri hem-de aý­ra­tyn mö­hüm ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak bu me­se­le­de esa­sy ugur bol­ma­ly­dyr.

Şo­ňa gö­rä-de, 2019-njy ýyl­da hem dur­muş sy­ýa­sa­ty ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, adam müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ril­me­li­dir.

Dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da bi­lim ul­ga­myn­da düýp­li öz­gert­me­le­ri do­wam et­dir­me­li. Bu ul­ga­my mun­dan beý­läk-de ýo­ka­ry hil­li we hem­me­ta­rap­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­ma­ly.

Yl­my ös­dür­mä­ge hem uly üns ber­me­li. Aka­de­mi­ki ins­ti­tut­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­me­li. Yl­my bar­lag­ha­na­la­ry döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün et­me­li.

Ka­da­ly iý­mit­len­me­gi, ýa­ra­maz en­dik­ler­den ýüz öwür­me­gi, zäh­met bi­len dynç al­şy ut­gaş­dyr­ma­gy, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy göz öňün­de tut­ýan sag­ly­gy go­ra­ma­gyň mil­li ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­me­gi do­wam et­me­li. Bu ugur­lar­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­li.

Me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da döw­let sy­ýa­sa­ty jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ag­za­la­ry üçin me­de­ni gym­mat­lyk­la­ryň el­ýe­ter­li bol­ma­gy­na gö­nük­di­ri­ler. Ýaş­la­ryň be­den­ter­bi­ýä we spor­ta köp­çü­lik­le­ýin çe­kil­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýan mil­li sport ul­ga­my mun­dan beý­läk hem ös­dü­ri­ler.

Aý­lyk zäh­met hak­la­ry­ny, pen­si­ýa­la­ry we ta­lyp hak­la­ry­ny (10 gö­te­rim­den az bol­ma­dyk de­re­je­de) ýo­kar­lan­dyr­mak ar­ka­ly ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek hem mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri bol­ma­gyn­da ga­lar. Dur­muş ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­me­giň möç­be­ri Döw­let býu­je­ti­niň çyk­da­jy­la­ry­nyň 75 — 80 gö­te­ri­min­den az bol­ma­ly däl­dir.

Ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak bo­ýun­ça döw­let ta­ra­pyn­dan çä­re­ler gö­rül­me­li­dir.

2019-njy ýyl­da ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň köp bö­le­gi ug­le­wo­do­rod çig ma­lyn­dan po­lie­ti­len, po­lip­ro­pi­len, ýo­ka­ry ok­tan­ly ben­zin ýa­ly önüm­le­riň örän gym­mat gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­ýän önüm­çi­lik­le­ri ös­dür­mek üçin ula­ny­lar.

Ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň uly möç­be­ri Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­na gö­nük­di­ri­ler.

Gel­jek ýyl­da ýur­du­my­zyň elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy­ny ös­dür­mä­ge, tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­la­ry­ny gur­ma­ga we döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga hem aý­ra­tyn üns ber­ler. Bu bol­sa içer­ki sarp edi­ji­le­ri bök­denç­siz üp­jün et­mä­ge we goň­şy ýurt­la­ra elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­der.

Hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da ýod we brom ön­dür­ýän bir­nä­çe kär­ha­na­la­ryň düý­bi tu­tu­lar.

2019-njy ýyl üçin ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­syn­da ulag we ara­gat­na­şyk top­lu­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne hem uly üns be­ril­me­li­dir. Gel­jek ýyl­da Aş­ga­bat — Türk­men­ba­şy, Aş­ga­bat — Ma­ry — Türk­me­na­bat — Fa­rap hem-de Aş­ga­bat — Ga­ra­gum — Da­şo­guz aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny aba­dan­laş­dyr­ma­ga we döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga uly möç­ber­li ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu çä­re­ler bol­sa müň­ler­çe tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

Hor­mat­ly Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar!


Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ga­raş­syz­ly­gy­nyň we azyk howp­suz­ly­gy­nyň dö­re­dil­me­gi bi­ziň ge­çi­ren düýp­li öz­gert­me­le­ri­mi­ziň esa­sy ne­ti­je­si bol­dy. Biz ra­ýat­la­ry­my­zyň hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­ma­gy ka­nun­çy­lyk taý­dan üp­jün et­mek, mugt bi­lim al­mak, her bir ada­myň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, sag­ly­gy­ny ber­kit­me­gi, ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi we dynç al­ma­gy üçin do­ly şert­le­ri dö­ret­mek ýa­ly mö­hüm we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni ga­zan­dyk.

Ta­ry­hy taý­dan gys­ga döw­rüň için­de mer­da­na türk­men hal­ky dün­ýä­de özü­ni pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji, dost­luk­ly, gur­ma­gy we dö­ret­me­gi ba­şar­ýan mil­let­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di. Şo­ňa gö­rä-de, mäh­ri­ban hal­ky­myz Ga­raş­syz­lyk döw­rü­niň üs­tün­lik­le­ri­ne hem-de ta­ry­hy ýe­ňiş­le­ri­ne buý­san­ýar!

Men äh­li hal­ky­my­za, aý­ra­tyn-da, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­my­za içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zy gol­da­ýan­dyk­la­ry, jan-te­ni­miz bi­len gu­wan­ýan ata Wa­ta­ny­my­zy ös­dür­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýan­dyk­la­ry üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­ýä­rin!

Hor­mat­ly adam­lar!

Şu gün biz üs­tün­den ga­dy­my ker­wen ýol­la­ry ge­çen ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da tä­ze ta­ry­hy­my­zyň ýe­ňiş­li sa­hy­pa­la­ry­ny ýaz­ýa­rys.

Wa­tan­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik, zäh­met­sö­ýer­lik ka­da­la­ry­na eýer­ýän mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň bi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zy gol­da­ma­gy, ata Wa­ta­ny­my­zyň güýç-kuw­wa­ty­na bo­lan berk yna­my, be­ýik mak­sat­lar bi­len ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­re hoş­ni­ýet­li gat­naş­ma­gy tä­ze-tä­ze mak­sat­na­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­ga we ama­la aşyr­ma­ga do­ly müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Eziz wa­tan­daş­lar!

Men si­ziň äh­li­ňi­zi şan­ly Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­ňyz bi­len gut­la­ýa­ryn! Si­ze berk jan sag­lyk, asu­da, aba­dan, bag­ty­ýar dur­mu­şy, Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zy gül­le­dip ös­dür­mek­de, äh­li­ňi­ze uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin!

 

 

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi