icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

27 ýanwar 2023

1914

Türkmenistanyň ilçisi ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň prezidenti bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň (PA) prezidenti hanym Margareta Sederfelt bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda guramanyň gün tertibindäki meseleler, şeýle hem “ÝHHG-nyň çäginde Ýewropa we Ýewraziýa giňişliginde howpsuzlygy, durnuklylygy we gepleşikleri güýçlendirmek üçin bitarap ýurtlaryň goşandy” atly çäräni Aşgabat şäherinde geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda Türkmenistanyň daşary syýasaty we daşary ykdysady işjeňligi ýaly giňişleýin özgertmeler barada giňişleýin maglumat berildi.

Konstruktiw gepleşigiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň mejlisiniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we umumy maksatlara ýetmek üçin edilýän tagallalary birleşdirmek barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi