TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY
Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2923-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
DowamyTÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
DowamyTürkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY M.B.MAŞALOW hakynda
Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy, şol bir wagtda Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 29-njy marty.
DowamyTürkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY B.O.DURDYÝEW hakynda
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Orazmyradowiç Durdyýewi, şol bir wagtda Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Seul şäheri) wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 29-njy marty.
DowamyTürkmenistanyň Prezidentiniň S.B.Palwanow hakynda Permany
Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begžanowiç Palwanowy Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilçiliginiň ýolbaşçysy wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 18-nji fewraly.
DowamyTürkmenistanyň Prezidentiniň S.B.Palwanow hakynda Permany
Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begžanowiç Palwanowy Türkmenistanyň Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek barada guramanyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 18-nji fewraly.
DowamyTürkmenistanyň Prezidentiniň H.S.Amannazarow hakynda Permany
Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hemra Sapargylyjewiç Amannazarowy, şol bir wagtda Türkmenistanyň Slowakiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 18-nji fewraly.
Dowamy