TÜRKMENISTAN ÝUNESCO

Aşgabat – Türkmenistanyň paýtagty

Türkmenistan hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO (Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy) bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin Herketleriň täze meýilnamasy işlenilip düzüldi. Bu resminamanyň taslamas...

Dowamy
Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany ratifisirlemek arkaly ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöritel...

Dowamy
Türkmen halkynyň “Görogly” şadessany ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda

Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň 2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Windhuk şäherinde (Namibiýa) geçirilen mejlisiniň barşynda “Görogly” şadessanynynyň hödürnamasyna seretdi we ony ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna biragyzdan girizdi. Şol wagt ÝUNESKO-nyň komitetiniň ýaýradan metbugat beýanatynda “Görogly” şadessanynyň ady rowata öwrülen edermen Göroglynyň hem-de onuň kyrk ýigidiniň batyrlygyny beýan edýän dilden g...

Dowamy
Türkmenistanyň milli halyçylygy

Türkmen halysy – türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň esaslarynyň biridir.  Ussat türkmen halyçylary köp asyrlaryň dowamynda özboluşly halyçylygyň aýratynlyklaryny gorap saklapdyrlar. Bu senetçiligiň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi örän guwandyryjydyr. 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanyň milli halyçylyk sunga...

Dowamy
“Küştdepdi” – aýdym aýtmagyň we tans etmegiň türkmen milli sungaty

Aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” türkmen milli sungaty ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilendir. «Küştdepdi» - bu gadymy türkmen tansy we aýdymy bolup, ol batly depginde ýerine ýetirilýändir. Halk içinde ähmiýetli dabaralaryň barşynda giňden ulanylýandyr.     Aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatynyň sanawa girizilmegi baradaky hödürnama 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublika...

Dowamy
Две волшебные струны – дутар: как инструмент не только музыкальный, но и дипломатический

Дутар – это двухструнный щипковый музыкальный инструмент, используемый туркменским народом испокон веков.  Исполняемые на нем мелодии-мукамы – своеобразные восточные сюиты и рапсодии. Президент Гурбангулы Бердымухамедов в книге «Музыка мира, музыка дружбы и братства» пишет: «Герои бесценных произведений искусства нашего народа с дутаром в руках и с музыкой в душе являются подлинными образцами истинной красоты. Только благодаря настоящим чувствам слово может дойти до сам...

Dowamy
Ahalteke atçylygynyň inçe tärleri

Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl-de, eýsem tutuş umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýandyr. Bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky we ykbalyndaky möhüm ähmiýeti barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary atlaryň bu gadymy tohumynyň gelip çykyşynyň we kemala gelmeginiň taryhy barada giňişleýin gürrüň berýändir.  Atlary...

Dowamy