Bitaraplyga bagyşanan ýanwar aýyndaky maslahatyň jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygyny belläp geçýär. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň çäginde we onuň daşynda dürli derejedäki maslahatlar, forumlar, sergiler guralýar.  

Şunuň bilen baglylyk-da, şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda “Türkmenistan  we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şeýle-de bu çärä dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy öňe sürmek nukdaýnazaryndan bitaraplyk syýasatynyň wajyplygyny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik tapan halkara guramalarynyň köpsanly wekilleri, žurnalistler we diplomatlar gatnaşdylar.    

Maslahat oňa gatnaşyjylaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna Ýüzlenmesi bilen tamamlandy. Bu Ýüzlenme BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi we BMG-niň resmi dillerinde çap edildi.